SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolba...
TÜRKMENISTAN – RUSSIÝA: MEDENI-YNSANPERWER ULGAMDA HYZMATDAŞLYK
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ýüpek ýoly: gadymyýetden häzirki güne çenli” diýen at bilen “tegelek stol” geçirildi. Medeniýet ministrligi tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guralan foruma ýurdumyzyň hem-de Russiýanyň ylmy toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki Türkmen-rus orta umumybilim berýän...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-türk konsullyk geňeşmelerine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça baş müdirliginiň başlygy j-p Mehmet Samsaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar iki döwletiň konsullyk gulluklarynyň ugry boýunça özaragatnaşyklary ösdürmegi...
IORDAN HAŞEMIT PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatyny gowşurmaga gelen Iordan Haşemit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara.ş) jenap Ismail Issa Ismail Rifae bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Iordan Haşemit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi öz ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen-...
ÝHHG TÜRKMENISTANDA ENERGETIKA INFRASTRUKTURASYNYŇ DESGALARYNYŇ TERRORÇYLYK HÄSIÝETLI KIBER HÜJÜMLERINDEN GORAGY BOÝUNÇA AMALY OKUW GURADY
2018-nji ýylyň 17-18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda töwekgelçiliklere baha bermek we howply ýagdaýlary dolandyrmak boýunça amaly okuw kursy geçirildi. Energetika infrastrukturasynyň desgalaryna gönükdirilen terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlerine taýýar bolmak we olara bolan goraglylygy güýçlendirmek onuň esasy meselesi bolup çykyş etdi. Bu çäre Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi we ÝHHG-niň Sekretariatynyň Transmilli howplara garşy hereket etmek boý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAUD ARABYSTANYNYŇ SÖWDA WE MAÝA GOÝUMLAR MINISTRINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üç...
“TÜRKMENPOÇTA” ILAT ÜÇIN HYZMATLARYŇ GÖRNÜŞLERINI GIŇELDÝÄR
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin görülýän anyk we netijeli çäreler häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümi çalt kemala getirmek bilen baglanyşyklylykda milli ykdysadyýetimiziň ösüşine güýçli itergi berýär. Bu işde Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň poçta aragatnaşygyna hem uly orun degişlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu poçta gullugynyň ýüzlerçe şahamçalary hereket edip, olar hatlary...