SOŇKY HABARLAR
GARABOGAZ KARBAMIDINIŇ ILKINJI TAPGYRY DAŞARY ÝURTLY SARP EDIJILERE UGRADYLMAGA TAÝÝAR EDILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde açylan polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy ýurdumyzyň gazhimiýasy senagatynyň desgalarynyň üstüni ýetirdi. Bir aý mundan ozal Hazar sebitinde “Garabogazkarbamid” zawody açyldy, bu desga hem batly gadamlar bilen ösýän gazhimiýa senagatynyň ösmeginde möhüm tapgyr boldy. “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) hem-de “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalary bi...
TÜRKMENISTAN EKSPORTYŇ HARYTLYK DÜZÜMINI DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRÝAR
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zawodyň taýýar önümleri gaplaýan bölümine baryp gördi, şol önümleriň hatarynda, ýokary temperaturada polimere dürli goşundylaryň girizilmegi netijesinde alynýan polietileniň ýedi görnüşi hem-de polipropileniň bäş görnüşi bar. Kompaundirleme diýlip atlandyrylýan bu iş polimer önümleriniň esasy aýratynlyklarynyň toplumyny modifisirlemäge mümkinçilik berýär. Bu wajyp işi ýerine ýetirmek üçin ýörite enjamlar, şol sanda ekstruder abzaly göz öň...
GYÝANLY POLIMER TOPLUMYNYŇ INNOWASIONLYGY WE NETIJELILIGI HALKARA ŞAHADATNAMALARY BILEN BELLENILDI
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Gyýanly gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasynda täze önümçiligiň netijeliligi, innowasion we ekologiki taýdan howpsuzlygyny tassyklaýan şahadatnamalary gowşuryş dabarasy boldy. Kärhanada ýylda 386 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndüriljek 5 milliard kubmetr gaz gaýtadan işleniler. Innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän bu kärhananyň aýratyn ünsi daş-töwrege akdyrylýan gazlaryň täze filtrasiýalarynyň we olaryň geljek...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA GYÝANLYDA GAZHIMIÝA TOPLUMY AÇYLDY
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow polietileni we polipropileni öndürmek boýunça sebitde iň iri gazhimiýa toplumy bolan polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gyýanly şäherçesine bardy. Bu dabara hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalaryň, şeýle hem daşary ýurt kompa...
Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna ugrady
Şu gün hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy etrabynda täze gazhimiýa önümçilik toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz kenarýaka şäheriniň howa menzilinden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady. Soňra milli Liderimiz Hazar deňziniň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi. Awazada sport bilen meşgullanmak...
Türkmenistanyň Prezidenti “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Sung Sang-Roky kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyp, hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hem-de ykdysady ösüşiň uly kuwwatynyň ýurdumyza belent halkara abraýyny, ygtybarly, durnukly we jogapkärli...
Türkmenistanyň Prezidenti “LG International Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “LG International Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Song Çi Hony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Günorta Koreýanyň işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan hem-de milli Liderimiziň baştutanlygynda netijeli halkara gatnaşyklary alyp barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändikl...