SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA GARAŞSYZLYK GÜNI BELLENILDI
2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen bellenildi. Ýurdumyzyň baş meýdany Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu ýere aşgabatlylaryň müňlerçesi hem-de ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Münberde hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň...
DUŞENBE ŞÄHERINDE GDA-NIŇ DIM-Ň GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Arkalaşygyň hukuk esasyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge, ynsanperwer hyzmatdaşlygyny geljekde giňeltmäge gönükdirilen 15-den gowrak resminamanyň taslamalaryna garadylar. Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri we Arkalaşygyň çäginde özar...
PRESS-RELIZ
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň işe başlamagy we onuň ilkinji mejlisini geçirmek baradaky başlangyjy 2017-nji ýylyň oktýabrynda Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň Maslahatynda doly goldandy. Halk Maslahatynyň birinji Mejlisin...
Döwlet gullugy akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň mugallymlary interaktiw usulda okatmagyň artykmaçlyklary bilen tanyşdylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde “Türkmenistanda döwlet gullukçylarynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmagy goldamak” taslamasyny amala aşyrýar, onuň çäklerinde halkara bilermeni Klemen Belhar bilim bermekde interaktiw usuly ulanmak boýunça okuw geçirdi. Okuw-türgenleşige Akademiýanyň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary ga...
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlan sergi guraldy
Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurt Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen nakgaşlarynyň işleriniň sergisi guraldy. Men sergi bilen tanyşlygy Laçyn Baýlyýewanyň 2017-nji ýylda döreden “Welosipedçiler” işinden başladym. Nakgaş suratynda paýtagtymyzyň Olimpoýa şäherçesiniň daşyndan aýlanýan ýoldan uly tizlikde barýan welosipedçiler toparyny şekillendiripdir. Tomaşaçylar el çarpyşyp, olary şowhunly goldaýarlar. Ýaryşyň dartgynlylygy we türgenleriň ýeňşe ymtylyşy, Köpetdagyň ýaşyl baýyrlar...
Ýük Ulag Merkezi: netijeli nusgalar, üýtgeşik çözgütler
Geostrategiýa taýdan amatly ýerleşýän we halkara hyzmatdaşlygynyň ulag diplomatiýasy ýaly ugruny işjeň ösdürýän Türkmenistan logistika hyzmatlarynyň dünýä segmentinde barha işjeň ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyz doly esasda ýewropa, aziýa-ýuwaş ummany we günorta – aziýa ykdysady ulgamlarynyň özara hereketiniň yklymara ykdysady köprüsi hökmünde tanalýar, bu bolsa ulag-kommunikasiýa ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegini talap edýär. Döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen başlanan Türkm...
Halkyň asuda durmuşyny üpjün etmek ugrundaky goşant üçin sylaglar
Şu gün baş milli baýramymyz — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Merdana ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam...