SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ ÝAŞULULAR GEŇEŞI HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ PREZIDIUMYNYŇ KARARY
Ata-babalarymyzyň miras goýan pähim-parasatlaryny hemişe nusga edinmek türkmen halkynyň mukaddes ýörelgesidir. Ýaşululara hormat goýmak, olaryň mertebesini belende götermek pederlerimizden miras galan iň asylly däpleriň biridir. Ýaşulularyň jemgyýetdäki mynasyp ornuny, ösüp gelýän ýaş nesli halallyk, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik ruhunda terbiýelemekdäki hyzmatyny biz şanly taryhymyzda, edebi mirasymyzda, şu günki gündelik durmuşymyzda hem aýdyň görýäris. Ýaşululary döwletimiziň jemg...
INNOWASION TASLAMALAR BÄSLEŞIGI – “SANLY ÇÖZGÜT – 2023”
“Sanly çözgüt – 2023” innowasion taslamalar bäsleşigi baradaky Düzgünnama neşir edildi. Resminama alty bölümden ybarat bolup, birinji bölümde bäsleşigiň maksatlary kesgitlenýär. Onda “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmek ýörelgesine” laýyklykda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Sanly çözgüt – 2023” atly innowasion taslamalar bäsleşigini geçirýändigi bellenýär. Onuň maksady milli ykdysadyýetde durmuşa geçirmäge giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçiligini işlä...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÇEHIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) H.Amannazarow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Çehiýanyň Prezidenti bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi hem-de iki ýurduň arasyndaky özara b...
NÝU-ÝORKDA DURNUKLY ŞÄHER ULAGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli forumyň çäginde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan “Durnukly şäher ulagy: BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM-11) amala aşyrmakda Arkadag şäheriniň modeli” atly mowzuklaýyn çäre guraldy. Bu çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykd...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI FORUMA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugurlarynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” atly mowzuk bilen geçirilýän Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Forumyň umumy mejlisinde çykyş etmek bilen, ministr 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryn...