SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da BMG-niň wekilleri, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, şeýle hem halkara gatnaşyklary we howpsuzlygy ugruna ýöriteleşen bilermenler, parahatçylygy...
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin
2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzluk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowyň döwlet sylagy bilen sylaglanmagy we diplomata Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlar...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz myhmany mübärekläp, baýramçylyk günlerinde gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda duşuşmaga şatdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň BMG t...
Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Žülýen de Freponyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasy ugurlary we geljegi...
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa Germanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglanmagy bilen gutlady. Häzir...
Braziliýanyň Ilçisi ynanç hatylarynyň nusgalaryny Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine gowşurdy
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Marsel Fortuna Biatonyň (oturýan ýeri Astana ş.) arasynda duşuşyk geçirildi. Braziliýanyň Ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasaryna ynanç hatylarynyň nusgalaryny gowşuryp, bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşykda taraplar syýasy-dipl...
Milli we daşary ýurt diplomatik gulluklarynyň wekillerine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medallary we ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy
2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanistanyň hem-de daşary ýurtlaryň diplomatik gulluklarynyň işgärlerine «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşuryş dabaralary geçirildi. Sylaglamak dabaralarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýa...