RSS

SOŇKY HABARLAR

2 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ UMRA HAJYNY BERJAÝ ETMEK ÜÇIN SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNA IKI GÜNLÜK SAPARY BAŞLANDY

2022-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Uçuşyň dowamynda Arkadagly Serdarymyz bilen bilelikde keramatly ýerlere zyýarata ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaşulular we ak gyňaçly eneler yslam dünýäsinde mukaddes çäreleriň biri hasaplanýan umra hajyny berjaý etmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. D...

DOWAMY
2 Iýun

«GARAGUMUŇ TEBIGATY» ATLY MAGLUMAT MERKEZI AÇYLDY

?Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň Çalyş ylmy-tejribe merkezinde «Garagumuň tebigaty» atly baryp görmek mümkinçiligi döredilen maglumat merkeziniň resmi açylyşy boldy. Bu merkez Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Mihael Zukkowyň tebigaty goramak baradaky gaznasynyň (MSF, Germaniýa) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde döredildi. Baryp görmek mümkinçilikli maglumat merkezi türkmeniň ak öýi görnüşinde (40 inedördül metr) bolup, Gün arkaly işleýän...

DOWAMY
2 Iýun

GÜNDOGARYŇ ŞAHYRY FIRDÖWSINIŇ HATYRASYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

31-nji maýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmem milli dünýä dilleri institutynda Gündogaryň şahyry Abulkasym Firdöwsiniň hatyrasyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçdi. Çärä institutyň talyplary, mugallymlary, Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, eýran diplomatlary, pars dili we edebiýaty mugallymlary we alymlar, jemgyýetçilik guramalrynyň wekilleri, şeýle hem Gündogar edebiýatynyň muşdaklary gatnaşdylar. Döwletmämmet Azady adyndaky...

DOWAMY
1 Iýun

TÜRKMEN SAMBOÇYLARY LIWANDA GEÇÝÄN AZIÝA ÇEMPIONLYGYNDA BÄSLEŞIGE BAŞLAÝARLAR

2-nji iýunda Liwanyň Juniýa şäherinde başlanýan sambo boýunça Aziýa çempionlygyna Türkmenistandan 27 türgen gatnaşar. Ýaryşyň guramaçylarynyň habar bermegine görä, yklymyň ýaşlar ýaryşynyň barşynda ýigitler we gyzlar sport sambosy boýunça 8, ýetginjek oglan-gyzlar bolsa ‒ 7 agram toparynda göreş tutarlar. Aziýa çempionlygynyň barşynda hem erkekleriň, hem aýallaryň arasynda sport we söweş sambosy boýunça ýaryşlar geçiriler. Çempionlyga 20-den gowrak ýurtdan toparlaryň gatnaşmagyna garaşylýa...

DOWAMY
1 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ITALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Premýer-ministri Mario Dragä we ýurduň dostlukly halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklaryny...

DOWAMY
1 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ EÝRANDAKY BAŞ KONSULLYGY KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPED ÝÖRIŞINI GURADY

2022-nji ýylyň 30-njy maýynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsullygy Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Gadir seýilgähinde köpçülikleýin welosiped ýörişini «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda gurady. Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda döredildi we her ýylyň 3-nji iýunynda dünýäde giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsullygy köpçülikleýin we...

DOWAMY
31 Maý

ALMATYDA MERKEZI AZIÝANYŇ WE ÝB-NIŇ ÝÖRITE WEKILLERINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi. Çäräniň barşynda owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegi, sebitiň integrasion ösüşine Owganystanyň işjeň gatnaşdyrylmagy, ýurduň ykdysady taýdan dikeldilmegi we onuň çäklerinde dürli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça halkara we sebit tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz çykyşynda Türkmenistany...

DOWAMY