SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ KIKBOKSING BOÝUNÇA MILLI ÝYGYNDY TOPARY V YSLAM RAÝDAŞLYGY OÝUNLARYNDA ALTY MEDAL EÝELEDILER
Türkmen kikboksçylary Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda medallaryň altysyny mynasyp boldular. Medallaryň 31 toplumy ugrunda full-kontakt (erkekleriň arasynda 10, zenanlaryň arasynda 6 agram derejede) we lou-kik (erkekleriň arasynda 11, zenanlaryň arasynda 4 agram derejede) geçirilen bäsleşiklerde kikboksçylaryň 14-isi Türkmenistana wekilçilik etdiler. Garşydaşyň aýaklaryna depilse-de, dyzyna we injigine depmek gadagan edilýän lou-kik görnüşinde ildeşlerim...
19-NJY AWGUST BÜTINDÜNÝÄ FOTOSURAT GÜNÜDIR
Her ýyl awgustyň 19-ynda dünýädäki ähli fotosuratçylar – höwesjeňler we hünärmenler şahsy baýramlaryny – Bütindünýä fotosurat gününi belleýärler. Bu baýram 2009-njy ýylda döredildi. Bu sene fotosurat çap etmegiň usulynyň – dagerrotipiň, ýagny hazirki fotosuratyň gadymy görnüşiniň 1839-njy ýylyň hut şu gününde köpçülige hödürlenendigi üçin saýlandy. Fotosurat adama möhüm wakalary, gyzykly durmuş parçalaryny, owadan ýerleri, gaýtalanmajak pursatlary saklap galmak üçin ajaýyp mümkinçilik berý...
“MIRAS” ŽURNALY: TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY-MEDENI MIRASYNYŇ TÄZE YLMY GÖZLEGLERI BARADA
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge, Diýarymyzda geçirilýän ylmy gözlegleriň netijelerine we täze arheologik tapyndylara bagyşlanan makalalar toplumy öz beýanyny tapýar. Žurnalyň şu sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Halkyň Arkadagly...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK DÖWLETLERIŇ HALKARA ULAG MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly habarçylar, şeýle hem milli habar b...
TÜRKMEN KEŞDELERI — MILLETIŇ BUÝSANJY
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde «Keşdeçileriň nagyşlary siňen nepislik» atly türkmen milli keşdelerine bagyşlanan sergi açyldy. Sergide goýlan işler iňňedir ýüpek sapaklar arkaly islendik zady gül-gunçaly baglara we çemenzarlyklara öwürýän türkmen keşdeçileriniň özboluşly el işleriniň gözelligini görkezýär. Nesilden nesle geçip gelýän keşdeçilik halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Zenan lybasy hökmünde giňden ýaýran kürte sergide esasy orun tutýar. Zenanlar ýaşyna...
MEDENIÝET TÄZE TARYHY DÖWÜRDE TÜRKMENISTANYŇ ÖSÜŞINIŇ RUHY BINÝADYDYR
Medeniýet giň, taryhy we filosofik manyda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiniň binýat goýujy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Berkararlyk gadymy döwürlerden bäri türkmen halky üçin durnuklylygy, agzybirligi, ruhy bitewüligi alamatlandyrýar. Beýik türkmen şahyrlary we akyldarlary ata Watanyň abadançylygyny, halkyň bagtyýarlygyny şu düşünjeler bilen baglanyşdyrypdyrlar. Asyrlaryň dowam...
TÜRKMEN DZÝUDOÇYLARY V YSLAM RAÝDAŞLYGY OÝUNLARYNDA ÜÇ BÜRÜNÇ MEDAL GAZANDYLAR
Türkiýäniň Konýa şäherinde türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda dzýudo boýunça ýaryşlarda üç bürünç medal gazandylar. Maksatnamanyň şu görnüşinde gyzlaryň we erkekleriň agram derejeleriniň ýedisinde 36 ýurtdan 198 dzýudoçy 14 toplumda medallar ugrunda güýç synanyşdylar. Gyzlaryň bäsleşiginde Türkmenistanyň toparynda 63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden 20 ýaşly Zülhumar Daşgynowa üçünji orny eýeledi. Şu agramda Amina Belkadi (Alžir) çempion boldy. Seýma Ozerler (Tür...