SOŇKY HABARLAR
GÜMRÜK HYZMATDAŞLYGY GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY 139/140-NJY SESSIÝALARY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 23-nji–25-nji iýuny aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Baş binasynda, bu Guramanyň iň ýokary çözgüt kabul ediji düzümi bolan Gümrük Hyzmatdaşlygy Geňeşiniň nobatdaky 139/140-njy sessiýalary geçirildi. Oňa Guramanyň agza döwletleriniň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde wekiliýetler gatnaşdylar. Agzalan çärelere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary D.Baýryýew hem-de...
TÜRKMEN WEKILÝETINIŇ WÝETNAM HÖKÜMETINIŇ YKDYSADY TOPLUMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYKLARY
2022-nji ýylyň 28-nji iýunynda Hanoý şäherinde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilýetiniň hem-de Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Gurluşyk we Senagat we söwda ministrlikleriniň ýolbaşçy topary bilen duşuşyklary geçirildi. Gepleşigiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Taraplar iki döwletiň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmek we diwersifikasiýal...
DANA PYRAGYNYŇ ESERLERI BÜTIN ADAMZAT ÜÇIN BAHASYNA ÝETIP BOLMAJAK GYMMATLYKDYR
Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabaralar bilen giňden bellenildi. Baýramçylyk çäresi Aşgabadyň taryhy merkezinde, beýik nusgawy şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanyndaky meýdançada başlandy. Bu ýerde Gündogaryň beýik akyldarynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy. Munuň özi şahyryň döredijiliginiň giňden ykrar edilýändiginiň, oňa hormat goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. A...
BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE TÜRKMEN SUNGATY DABARALANÝAR
Şu gün tutuş ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Bu şanly senä gabatlanyp Medeniýet hepdeligi geçirildi we ol “Türkmeniň ak öýi” binasynda guralan sungat ussatlarynyň uly konserti bilen jemlendi. Sungat baýramçylygynyň çäreleri köpöwüşginliligi hem-de baý many-mazmuny bilen tapawutlanyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alnyp barylýan...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDA GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 24 MILLION 442 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen azyklyk duzy satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň teleke...
HANOÝDA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI WÝETNAMYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 27-nji iýunyndan 1-nji iýulyna çenli Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Wýetnam Sosialistik Respublikasyna sapary amala aşyrýar. Şu gün, Wýetnamyň DIM-niň binasynda türkmen wekiliýetiniň Wýetnam Sosialistik Res...
MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRE GECIRILDI
2022-nji ýylyň 25-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Owganystanyň Hyrat şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygynda medeni çäre geçirildi. Oňa Owganystanyň Hyrat we Badgis welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň 30-dan gowragy gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Gündogaryň beýik şahyry, filosofy, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny buýsanç bilen labyzly okadylar. Dabara gatnaşanla...