SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝYŇ MILLI NEBITGAZ KORPORASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi. “CNPC-niň” ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Açyk gapyl...
SUNGAT, ŞYGRYÝET HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününe bagyşlanan sergi guraldy. Serginiň birinji bölümi Magtymguly Pyraga bagyşlanypdyr. Şahyryň Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň ýerine ýetiren heýkeli iň uly we görnükli eksponatdyr. Onuň ýanynda Döwletmämmet Azady bilen Magymgulynyň portretleri hem ýerleşdirildi. Olary çeken ‒ Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýew. Bu bölümde kümüş şaý-s...
EKSPORT GELEŞIKLERINIŇ ARASYNDA NEBITHIMIÝA ÖNÜMLERI ÖŇDELIGI EÝELEÝÄR
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini, ABŞ-nyň işewürleri bolsa, “Türkmenhimiýa” döwlet konsern...
ARPA ÝOKUMLY EKINDIR
Arpa Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde däp boýunça köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýän däneli ösümlikleriň biridir. Ine, şu ýyl hem Daşoguz welaýatynda müň gektar ýere arpa ekmek meýilleşdirilýär. Bu galla önüminiň esasy öndürijisi S. Türkmenbaşy adyndaky etrapda arpa 250 gektar ekiler. Arpa sebitiň oba hojalyk önümlerini öndürililer üçin wajyp ähmiýeti onuň diýseň gymmatly ýokumly iýmligindedir, çünki onuň düzüminde köp belok bar, şeýle hem ol krahmala baýdyr. Arpa atçylykda aýratyn gymm...
ÝOLUŇYZ AK BOLSUN, UÇURYMLAR!
Türkmen döwlet maliýe institutynda şu okuw ýylyny üstünlikli tamamlan uçurymlara bagyşlanan dabara geçirildi. Bu baýramçylyk çäresine okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň wekilleri, mugallymlar, talyplar, elbetde, wakanyň esasy gahrymanlary ‒ uçurymlar gatnaşdylar. Yokary mekdebiň «Bagtyýarlyk joşguny» ansamblynyň eden çykyşlary bu ýere gelenleriň ählisiniň keýpine keýp goşdy. Duşuşyga gatnaşýanlar biziň ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň depginli ösüşine we kämilleşmegine berilýän aýratyn üns üç...
SARAGT BABAÝEWIŇ USSAHANASYNDAN
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň şägirtleririniň işleriniň sergisi geçirildi. Hemmeleri ýakymly geň galdyran bu sergi sungatyň gadyr-gymmatyny bilýän köp adamy bu ýere jemledi. Sergide görkezilen işleriň birnäçesi öň hem dürli sergilerde goýlup, jemgyýetiň ünsüni özüne çeken suratlardy. Sergidäki surat, heýkel, keramika we gobelen işleriň awtorlary çeperçilik mekdebiniň talyplary. Olar suraty tomaşaça dogry ýetirmegiň üstünde işlemek üçin, okuwdan...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BOÝUNÇA MILLI KOMISSIÝASY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGDUK MEKANYNA BARYP GÖRDI
Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününiň baýram edilmegi we onuň doglan gününiň 300 ýyllygyna dabaralaryň taýýarlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň kätipligi ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde beýik türkmen akyldar şahyrynyň dogduk mekanyna sapar gurady. ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýanyň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň gahrymany Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Balkan welaýatynyň Ma...