RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Maý

BSSG-NIŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa şäherindäki Bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klüge bilen duşuşygy geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlaryndan duşuşyga ýokary derejeli hökümet wekiliýetleri gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri we ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda Merk...

DOWAMY
pic
23 Maý

WENADA BMG-NIŇ JENAÝATYŇ ÖŇÜNI ALMAK WE JENAÝAT KAZYÝETI KOMISSIÝASYNYŇ 31-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 16-20-nji maýy aralygynda Wenada gibrid gornüşinde BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we jenaýat kazyýeti komissiýasynyň 31-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine 130 ýurduň we 55 hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Mejlisiň açylyşynda EKOSOS-yň başlygy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýat boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-Zenanlaryň Ýerine ýetiriji direktory we  BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we jenaýat            ...

DOWAMY
pic
23 Maý

TÜRKMEN TÜRGENLERI NUSGAWY ALYŞ GÖREŞI BOÝUNÝA AZIÝA ÇEMPIONATYNDA 8 MEDAL GAZANDYLAR

Türkmen türgenleri Alyş göreşi boýunça Oş şäherinde (Gyrgyzystan) geçirilýän Aziýa çempionatynda dürli derejeli 8 medal gazandylar. Olar bu üstünlige milli gyrgyz göreşiniň nusgawy usulynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda baýraklaryň 12 toplumy ugrunda bäsleşilýän ýaryşyň ilkinji güninde ýetdiler. Biziň toparymyzda altyn medallary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli agram topary) we Türkmen döwlet bedenterbiýe we s...

DOWAMY
pic
23 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentim...

DOWAMY
pic
23 Maý

TÜRKMENISTAN BILEN TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR BERKIDILÝÄR

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, kärdeşini şanly 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we işlerinde üstünlikle...

DOWAMY
pic
23 Maý

UÇAR KEROSININI DAŞARY ÝURTLY TELEKEÇILERDE ULY GYZYKLANMA DÖREDÝÄR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlary...

DOWAMY
pic
21 Maý

TÜRKMEN-ÖZBEK GÜMRÜK HYZMATDAŞLYGY GIŇEÝÄR

2022-nji ýylyň 20-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň hünärmenleriň duşuşygy geçirildi. Hünärmenler, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşdylar. Taraplar, Ta...

DOWAMY