RSS

SOŇKY HABARLAR

16 Few

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HZG-NIŇ ZÄHMET KADALARY DEPARTAMENTINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Halkara zähmet guramasynyň Zähmet kadalary departamentiniň direktory Korinn Warga bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini nygtadylar. Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň agzasy bolmak bilen, öz durmuşa geçirýän syýasatynda hemmelere mynasyp zähmet we durmuş ada...

DOWAMY
16 Few

TÜRKMENISTANYŇ TÜRKIÝEDÄKI ILÇIHANASY “HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY” ÝYLY MYNASYBETLI BRIFING GEÇIRDI

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda Ankara şäherinde  2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we ýerli jemgyýetçilige giňişleýin maglumat bermek maksady bilen brifing geçirildi. Brifinge Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Türkiýäniň Parlamentiniň türkmen-türk dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ibrahim Aýdemir we toparyň agzalary, Ankaranyň E...

DOWAMY
16 Few

TÜRKMENISTANYŇ RF-DÄKI ILÇISI MOSKWA ŞÄHERINIŇ MERIÝASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRDI

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýewiň Moskwa şäheriniň meriniň (häkiminiň) orunbasary, Ulag we ýol-ulag infrastrukturasynyň ösüşi Departamentiniň başlygy Maksim Liksutow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler bar bolan baý dessurlaryň hem-de toplanylan tejribeleriň esasynda Türkmenistanyň Moskwa bilen hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiliklere eýedigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Hususan-da, ýerüsti ulag infra...

DOWAMY
16 Few

ÝURDUMYZDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLERI BELLIGE ALMAK ÇÄRELERI DOWAM EDÝÄR

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary gatnaşdylar. Agrar partiýanyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy. Ol Agrar partiýanyň düýn geçirilen nobatdan daşary IV gurultaýynda Türkmenistan...

DOWAMY
16 Few

«EL HÜNÄRI – IL GEZER» ATLY MASLAHAT WE MUZEÝ GAZNALARYNDA SAKLANÝAN KÜRTELERIŇ SERGISI GEÇIRILDI

Türkmen zenanlarynyň çeper eliniň hünäri barada näçe aýtsaň hem az. Zenanlarymyzyň ähli döwürde öz öýüni bezän ajap halylarynyň şan-şöhraty dünýä doldy. Olar öz lybaslaryna aýratyn üns berýärler. Asyrlarboýy türkmen zenanlary lybaslaryny owadan keşdeler bilen keşdeläp, onuň milliligini has-da ösdüripdirler. Zenany yssydan-sowukdan goraýan başatgyç halk amaly sungatynyň bir bölegidir. Zenanlarymyz ony kümüş şaý-sepler bilen bezelen börügiň üstünden atynypdyrlar. Türkmenlerde zenanyň ýaşy so...

DOWAMY
15 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslah...

DOWAMY
15 Few

ÝURDUMYZDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄRLERI HÖDÜRLEMEK HEM-DE BELLIGE ALMAK ÇÄRELERI DOWAM EDÝÄR

Şu gün döwlet Baştutanynyň öňdäki boljak saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary, ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň başlygy gatnaşdylar. Demokratik partiýanyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara gelen Ministrler...

DOWAMY