SOŇKY HABARLAR
Bütindünýä çagalar güni mynasybetli guralan çäre
2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. Halkara ähmiýetli çäräniň dowamynda Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilmegi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy....
Kabulda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Dabaraly kabul edişlige Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Kabul şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň baştutanlary gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyg...
Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ýörite wekili Ju Hýon Bekiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda we giňeldilmeginde ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň aýratyn ähmiýete eýedigi belle...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ÝHHG-niň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, özara gatnaşyklaryň durnukly depginini we netijeli häsiýetini bellediler. Söhbetdeşler halkara giňişliginde tagallalary utgaşdyrmagyň...
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Katarda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bi...
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Prezident Şawkat Mirziýoýew Prezident Serdar Berdimuhamedowy we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, bu taryhy saparyň doganlyk ýurtlaryň arasynda ýola goýlan aýratyn ýakyn gatnaşyklaryň aýdyň güwäsidigini aýtdy. Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen geple...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglandy
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, Türkmen-özbek serhetýaka zolagynyň dabaraly açylyşy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini we dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyny – «Ýokary derejeli dostluk» ordenini gowşurmagyň özi üçin uly hor...