SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERBIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI DÖWLET GÜNI BILEN GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe Serbiýanyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Aleksandr Wuçiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Serbiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini Döwlet...
WATANYMYZY OKGUNLY ÖSDÜRMEK ÜÇIN TÄZE TASLAMALAR, TÄZE PIKIRLER WE DOLANDYRYŞ ÇÖZGÜTLERI
Döwlet Baştutanymyzyň geçen hepdede geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy ösdürmek boýunça beýan eden oýlanyşykly strategiýasy ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ählumumy parahatçylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. 6-njy fewralda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylý...
TÜRKMEN TENNISÇILERI DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNYŇ SAÝLAMA ÝETGINJEKLER ÝARYŞYNA (U-14) ÝEŇIŞ BILEN BAŞLADYLAR
Türkmenistanyň erkekler we zenanlar toparlary Kolomboda (Şri-Lanka) başlanan tennis boýunça dünýä çempionatynyň saýlama ýetginjekler ýaryşyna (U-14) Makaonyň ýygyndy toparyny ýeňmek bilen girişdi. Bäsleşige 15 ýurt: Bangladeş, Indoneziýa, Yemen, Kamboja, Gyrgyzystan, Liwan, Makao, Malaýziýa, Mongoliýa, Nepal, Saud Arabystany, Singapur, Türkmenistan, Şri-Lanka we Okeaniýa ada döwletleri gatnaşýar. «AA»-nyň habarçysyna Türkmenistanyň Milli tennis federasiýasynda habar berlişi ýaly, 14 ýaşa çenl...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MONGOLIÝANYŇ TÄZE ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Mongoliýanyň täze bellenen ilçisi Dorji Baýarhuu ( oturýan ýeri Astana ş.) bilen duşuşdy. Türkmen tarapy ynanç hatynyň nusgalaryny kabul edip, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt bildirdi we Ilçiniň bu ugurdaky işlerine hemaýat etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşy...
KUBA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Kubanyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we golda...
DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY ŞWESIÝANYŇ ILÇISINIŇ YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Şwesiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestadyň ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini belläp geç...
TÜRKMENISTAN WE EÝRAN MEDENI-YNSANPERWER GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYDYRLAR
2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Daşary işler Ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri Mohammad Mahdi Esmaýil bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Eýrana amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Ol saparyň barşynda ylym-bilim gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de medeniýet we sungat ulgamynda özara gatnaşyklaryna itergi berýän birnäçe resminamalara gol ç...