SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER PARTIÝASYNYŇ IV GURULTAÝY
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi. Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gatnaşyjylary bir ýere jemlän gurultaýyň dowamynda geçen döwürde alnyp barlan işlere seljerme berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe TSTP-niň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýyň işine gatnaşmaga ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik gur...
ÝURDUMYZYŇ TÄZE ÝYL BAŞ ARÇASYNYŇ YŞYKLARY NUR SAÇDY
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär. Ýola goýlan däbe görä, paýtagtymyzda Köpetdagyň etekleriniň täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi giňden ýaýbaňlandyryldy. Dürli öwüşgin saçýan şarlardyr çyrajyklar, yşyklandyryjy bezegle...
2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NYŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA MEJLIS BARADA
2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüinde, 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMG-nyň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki dolandyryş komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Aşgabatdaky BMG gurluş düzümlerini...
“AWAZA” MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA DOSTLUKLY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ BIRINJI ÜÇTARAPLAÝYN SAMMITI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Ir bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Awazadaky Kongresler merkezine geldiler. Bu ýerde sammitiň öňüsyra...
“AWAZADA” TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwatynyň, hususan-da, senagat, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ulag we beýleki ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri bilen baglylykda, özar...
TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ BIRINJI ÜÇTARAPLAÝYN SAMMITI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda Birinji üçtaraplaýyn Sammit öz işine başlady. Ir bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan “Awaza” Kongressler merkezine geldiler. Bu ýerde Sammitiň öňüsyrasynda, Türkmenis...
TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ ÜÇTARAPLAÝYN GEPLEŞIKLERIŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soň, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda: Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hak...