SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BAE-NIŇ ENERGETIKA WE INFRASTRUKTURA MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi we taraplaryň ozal gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ygrarlydyklary nygtaldy. Taraplar şeýle hem ulag-logi...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝADA ÖZARA HYZMATDAŞLYK WE YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ (CICA) VI SAMMITINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammiti geçirildi. Onda Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Ýokary derejeli halkara sammitiň işine döwlet we hökümet baştutanlary, gatnaşyjy-ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri, ýolbaşçylary hem-de synçy döwletleriň, synçy halkara guramalaryň we hyzmatdaşlaryn...
DÖWLETIMIZ ILATY ARZAN ÝANGYÇ BILEN ÜPJÜN EDÝÄR
Türkmenistan benzindir dizel ýangyjyny ilat üçin iň arzan bahadan berilýän ýurtlaryň onlugyna girýär. Döwletimiziň durmuş goraglylygyna gönükdirilen syýasaty, uglewodorod serişdeleriniň ummasyz gorlary we olary gaýtadan işleýän önümçilikleriň bolmagy netijesinde ilat ýurdumyzda öndürilýän ýangyç bilen elýeter bahadan üpjün edilýär. Geçen dokuz aýyň netijesi boýunça nebit-gaz toplumynyň we esasy görkezijileriň durnukly ösüşi bellenilýär. Mysal üçin, «Türkmennebit» Döwlet konserni nebit çykarma...
INNOWASIÝALAR WE HALKARA HYZMATDAŞLYK ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNY DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAGYŇ MÖHÜM UGURLARYDYR
Ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagydyr. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça wezipeleri çözmek, döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça durmuşa geçirýän strategiýasynda aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň diwersifik...
TÜRKMEN ŞAHYRYNYŇ GOŞGUSY «EDEBIÝAT DOSTLUGY – HALKLARYŇ DOSTLUGY-2022» EDEBI TERJIMELER BÄSLEŞIGINE GATNAŞDY
Şu güýzde tamamlanan «Edebiýat dostlugy – halklaryň dostlugy-2022» edebi terjimeler bäsleşiginde sözme-söz terjimeden rus diline terjime etmäge hödürlenen milli şahyrlaryň eserleriniň arasyna belli türkmen şahyry, terjimeçi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň hem bir goşgusy bar. Nepis şahyrana we çuňňur filosofik eserleriň awtory K. Gurbannepesow şahyrana kitaplaryň 20-den gowragyny döretdi.Olardan her okyjy şahyryň ömrüň manysy, müdimi gymmatlyklar, sungat we şahyryň wezipes...
HALKARA FESTIWAL ÖZ IŞINI DOWAM EDÝÄR
Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly – haşam sungaty dünyä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly öz işini dowam etdi. Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan senetçilik işleriniň we amaly-haşam eserleriniň Halkara sergisi festiwalyň ikinji gününde hem köp adamly boldy. Bu ýere gelenler Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Koreýa Respublikasynyň, Türkiýäniň we Latwiýanyň milli mirasyny şöhlelendirýän eserler bilen tanyşdylar. Soňra «Senet...
ÇAGALAR PUŞKINIŇ ESERLERINI OKAÝARLAR
12-nji oktýabr Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebiniň başlangyç synp okuwçylary üçin Boldino güýzüne bagyşlanan gün boldy. Beýik şahyryň ömründe döredijilik işiniň iň gülläp ösen döwri ̶ 1830-njy ýyl şeýle atlandyrylýar. Çäräniň ilkinji ýarymynda mekdep kitaphanasynda «Puşkinçilere bagyşlanýar» atly dabara guraldy. Onda A. S. Puşkiniň döredijiliginiň muşdaklarynyň kyrka golaýy şahyryň ömri we döredijiligi bilen giňden tanyş boldular we ýörite nyşanjyklar...