img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salam...

DOWAMY
pic
16 Noý

TÜRKMENISTANDA UGANDA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Uganda Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammad Tezikuba Kisambiradan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri a...

DOWAMY
pic
15 Noý

HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN PUDAGARA TEGELEK STOL

2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet standartlary Departamentiniň direktory hanym Korin Warganyň baştutanlygyndaky wekiliýetiniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol geçirildi. Türkmen tarapdan  Daşary işler ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi,  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Kärdeşler arkalaşyklary ýaly 14 ministrligi...

DOWAMY
pic
15 Noý

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNA BILELIKDE BAŞLYKLYK EDIJILERIŇ DUŞUŞYGY

Şu gün, 2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda, Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary A.L.Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda A.L.Owerçugyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen şu günki duşuşygynyň ähmiýeti we wajyplygy...

DOWAMY
pic
15 Noý

MUHAMMET KÖSSEKOW 27 ÝYLDAN SOŇ ERKEKLERIŇ ARASYNDA SAMBO BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA TÜRKMENISTAN ÜÇIN ALTYN MEDAL GAZANDY

Bişkekde geçirilen sambo boýunça 47-nji dünýä çempionatynda türkmen sportunyň senenamasynda taryhy waka boldy. 27 ýyldan soň sportuň bu görnüşinde Türkmenistanyň wekili erkekleriň arasynda dünýäniň çempiony diýen ada mynasyp boldy. Ozal habar berlişi ýaly, bu ajaýyp üstünligi IIM-niň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň harby gullukçysy Muhammet Kössekow gazandy. 24 ýaşly zehinli türgen türkmen sportunyň taryhynda erkekleriň arasynda dördünji dünýä çempionydyr. Ilkinji b...

DOWAMY
pic
14 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän...

DOWAMY
pic
14 Noý

DAŞARY ÝURTLY IŞEWÜRLER BINÝATLYK ÝAGYNY, NEBIT KOKSUNY HEM-DE NAH ÝÜPLÜGINI SATYN ALDYLAR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, türkiýeli işewürler bolsa nebit koksuny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 265 müň dollaryna barabar boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçiler...

DOWAMY