RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Dek

Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak işin...

DOWAMY
pic
5 Dek

Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň DIM-iň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryn...

DOWAMY
pic
5 Dek

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary A.Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Usmanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar iň ýokary we ýokary derejelerdäki yzygiderli duşuş...

DOWAMY
pic
5 Dek

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparyny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekde...

DOWAMY
pic
4 Dek

Mejlisiň Başlygy Gresiýanyň Türkmenistandaky Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty täze jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işind...

DOWAMY
pic
3 Dek

Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gepleşikleri geçirdiler

2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Ilçisi Federiko Faillanyň ýolbaşçylygyndaky Italiýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň torlaryny döretmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny ara alnyp maslahatlaşmak girizildi. Bu resminamanyň işlenip düzülmegi bilen bagly mesele daşary syýasat edarala...

DOWAMY
pic
3 Dek

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde  Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ýokarky derejede ozalky geçirilen çäreleriň dowamynda  gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüz...

DOWAMY