SOŇKY HABARLAR
«TÜRKMEN ALABAÝY – YNAMYŇ WE WEPALYLYGYŇ NYŞANY» SERGISINE GATNAŞANLARA ÝUNESKO-NYŇ SERTIFIKATLARY GOWŞURYLDY
Türkmenistanda oktýabryň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda Suratçylar birleşmesiniň sergi zalynda bu gadymy tohum itlerine bagyşlanan fotosuratlaryň we suratlaryň sergisi açyldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guran «Türkmen alabaýy – ynamyň we wepalylygyň nyşany» sergisinde ussat fotosuratçylaryň, nakgaşlaryň, Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň işleriniň ýüzden gowragy görkezildi. Sergä...
TÜRKMEN ALABAÝY – MILLI BUÝSANÇ WE BAÝLYK
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpa» atly milli gymmatlyklaryň we kitaplaryň sergisi we II Halkara ylmy maslahat geçirildi. Çärä «Türkmen alabaýy itleri» Halkara asssosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, çäräni guran S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem foruma Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akad...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ 54-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisine we Assambleýanyň çäklerinde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine sapary boldy. Assambleýanyň umumy mejlisini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Ba...
WELAÝATLARDA YLMY-USULYÝET MASLAHATLARY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Lebap we Mary welaýatlarynyň Baş bilim müdirlikleri bilen bilelikde mugallymlaryň iňlis we rus dillerini hem-de matematikany okatmaga häzirkizaman usulyýetlerini ornaşdyrmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça wezipelerine bagyşlanan ylmy-usulyýet maslahatlary geçirdi. Çäre Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmegiň çä...
AŞYR HOJATOW – ZEHINLI DIRIŽÝOR
Şu ýyl tanymal türkmen dirižýory Aşyr Hojatowyň 70 ýaşy dolýar. A. Hojatow hakynda dogan-garyndaşlary, ýakyn dostlary: «Ýaşy ýetmişe ýetse-de, kalby ýaş» – diýýärler. Adamlaryň berýän şeýle bahasy A. Hojatowyň zähmet we durmuş ýoluna kybap gelýär. Tejen etrabynyň sähralarynda hemişe şadyýan aýdymlary aýdyp ýören ýigdekçe olary döredenleriň kimdigi barada pikirem etmeýärdi. Wagtyň geçmegi bilen Aşyryň özi hem sazanda, özem ýöne bir sazanda-da däl, eýsem dirižýor, Türkmenistanyň halk artisti boldy...
«GUWLYDUZDA» DUZ ÇYKARYLYŞY ARTÝAR
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kärhanasynda çykarylýan nahar duzuň möçberleri sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Tutuş ýurdumyzda öndürilýän duzuň ähli möçberlerini taýýarlaýan kärhananyň agzybir hünärmenleriniň iş alyp barýan zähmet meýdançasy diňe biziň döwletimizde, ýa sebitde däl, eýsem bütin dünýäde duzuň iň köp gorlarynyň jemlenen ýerleriniň biri hasaplanýar. Geçen ýyllarda kärhanada döwrebaplaşdyryş işleriniň geçirilmegi...
HIMIÝA BOÝUNÇA HALKARA OLIMPIADASY GEÇIRILER
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti himiýa boýunça Halkara internet-olimpiada geçirer. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar. Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak üçin ýaryşyň guramaçysynyň www.tdu.edu.tm resmi saýtynyň olimp.tdu.edu.tm sahypasynyň Olimpiada-2022 bölümi açykdyr. Olimpiada gatnaşmaga haýyşnamalar şu ýylyň 11-nji noýabryna çenli kabul edilýär. Olimpiada 14-nji noýabrdan 17-nji noýabr aral...