RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Awg

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2022-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Sýan Naýçen bilen duşuşdy. Diplomatlar däp bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda bilelikdäki ykdysady we durmuş-medeni taslamalary durmuşa geçirmegiň ýokary neti...

DOWAMY
pic
4 Awg

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI LIWAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2022-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Auna şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ýerewan şäheri) özüniň ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mi...

DOWAMY
pic
3 Awg

HALKARA ÝARYŞLARYŇ ÝEŇIJILERINI HORMATLAMAK DABARASY

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynda geçirilen “Ýüpek ýoly — 2022” ralli-reýdinde hem-de geçen aýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. “Awaza” sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda geçirilen dabaraly çä...

DOWAMY
pic
3 Awg

TÜRKMENISTANDA GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNI BELLEMÄGE TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

6-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen geçen ýylyň ahyrynda döredilen Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni ilkinji gezek belleniler. Baýram mynasybetli geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy-2022» halkara sergisi toplumyň gazananlary, mümkinçiligi we ösüşi bilen tanyşdyrar. «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar wajyp hünär wezipelerini we gurluşyk, senagat, energetika pudaklaryny...

DOWAMY
pic
2 Awg

AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynd...

DOWAMY
pic
1 Awg

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW DEŇIZ KENARYNDAKY TÄZE KOTTEJLER TOPLUMYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda täze döwrebap “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş-şypahana düzüminiň üstüni ýetirdi. Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Deňiz kenarynda ak mermerli kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherçeleri, ýaht-klublar, çagalar sagaldyş merkezleri, sport desgalary guruldy, dynç...

DOWAMY
pic
1 Awg

«TÜRKMENISTAN SPORT» HALKARA ŽURNALYNYŇ IKINJI SANY ÇAP EDILDI

Häzirki wagtda sport halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegidir. «Halklaryň arasyndaky bäsleşik, dostluk we özara düşünişmek» atly makalada Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek sambo boýunça dünýä çempionatynyň diňe bir Türkmenistanyň halkara sport abraýyny ýokarlandyrman, eýsem halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem pugtalandyrjakdygy hakynda aýdan sözleri getirilýär. Bilşiňiz ýaly, 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlary Parižde geçiriler....

DOWAMY