SOŇKY HABARLAR
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ 11-NJI MEJLISI AŞGABATDA GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Aşgabatda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Türkmen-Täjik hökümetara toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Täjigistan bölegine Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana we Täjigistanyň baştutanynyň 2021-nji ýylyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anjeý Duda tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Polşanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANDA “TÜRKMENTEL — 2022” HALKARA SERGISI WE YLMY MASLAHAT GEÇIRILÝÄR
Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, sanly ulgam arkaly Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurdunda hem görkezilýär. Ýöriteleşdirilen forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watany...
TÜRKMENISTAN WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARY DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER
2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleri arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Täjigistan Respublikasynyň wekiliýetine bolsa Daşary işler ministriniň orunbasary Sadyk Imom ýolbaşçylyk etdi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy we diplomatik gepleşikleriň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy, ýokary derejede yzygiderli aragatnaşyklaryň ähm...
SAMARKANTDA TÜRKI DÖWLETLERI GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türki döwletleri guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky dokuzynjy mejlisi özbek tarapynyň baştutanlyk etmeginde Samarkantda öz işine başlady. Bu çärä Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Wengriýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, şeýle hem Türki döwletleri guramasynyň Baş sekretary gatnaşýar. Türkmen wekiliýetiniň baştutany, Daşary i...
TÜRKMENISTANDA KOREÝ MEDENIÝETINIŇ GÜNLERI BADALGA ALDY
Koreý kinosynyň festiwalynyň açylmagy bilen, 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda ýurdumyzda Koreý medeniýetiniň günleri badalga aldy. Bu çäre iki dostlukly ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sung-Çul Şin şanly waka mynasybetli dabaradaky çykyşynda iki dostlukly halkyň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen bu g...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ MASLAHATY
Şu gün sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky ýigriminji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe Kanunlara garaldy we kabul edildi. Maslahata gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş seriş...