SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SEBITIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ NOBATDAKY KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Yssyk-Kölüň Halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde dördünji konsultatiw duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni gyrgyz Lideriniň Çolpon-Ata şäherinde ýerleşýän döwlet kabulhanas...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, şol sanda kabul edilen borçnamalarynyň we Türkmenistanyň gatnaşýan adam hukuklary...
TÜRKMENISTAN WE GRUZIÝA ÖZARA BÄHBITLI GATNAŞYKLARYŇ MUNDAN BEÝLÄK-DE PUGTALANDYRYLMAGY BILEN BAGLY MESELELER BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRDILER
2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip paýtagtymyza gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ÇALYK HOLDING” KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz işewüre Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirip, türk kompaniýalary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň neti...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÝOKARY TEHNOLOGIÝALY DESGANYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze desganyň toý bagyny kesdi. Döwlet Baştutanymyz merkeziň dolandyryş binasyna girip, mejlisler zalynda özi üçin ýörite taýýarlanan ýere geçdi. Bu ýerde dabaraly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BELGIÝANYŇ PATYŞASYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasy Filippe we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Belgiýanyň Patyşasynyň kasam eden güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filippe berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Belgiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LITWA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Litwa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine...