SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMYNA
Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyz Türkmen alabaýynyň baýramyny bellär. Bu wakany göz öňünde tutup, Aşgabatda we ähli welaýatlarda gadymy it tohumyna hem-de öňde boljak «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly II halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna bagyşlanan çäreler, sergiler, pikir alyşmalar geçirilýär. Esasy dabaralardan öň, B.Amanow adyndaky Türkmenistanyň Döwlet çagalar kitaphanasy paýtagtymyzyň mekdeplerinde okuwçylar bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Ara alyp maslah...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GRUZIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Gruziýa Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy...
AŞGABATDA «TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY — 2022» ATLY HALKARA MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILÝÄR
Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NaPeCo), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan jenap Rişi Sunaga Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris” diýip belläp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy...
«ÝYLYŇ TÜRKMEN EDERMEN ALABAÝY» ATLY HALKARA BÄSLEŞIGINIŇ IKINJI TAPGYRY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilmegi ýola goýlan Türkmen alabaýynyň baýramy şu ýyl ilkinji gezek 30-njy oktýabrda bellenip geçiler. Şu mynasybetli 26-30-njy oktýabr aralygynda baýramçylyk mynasybetli dürli çäreleriň guralmagy hem meýilleşdirildi. Şol çäreleriň hatarynda şu gün «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý e...
UMMANYŇ AŇYRSYNDAN GELEN DOSTLAR BILEN HYZMATDAŞLYK
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Milli miras merkeziniň direktory Erik Katalfamo we şu merkeziň halkara gatnaşyklary boýunça analitigi Enn Kompton türkmen kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary ara alyp maslhatlaşmak üçin ýurdumyza geldiler. Olar saparyň çäklerinde Lebapda, Maryda we Ahalda AFCP (Medeni mirasy goramak boýunça ilçiniň gaznasynyň) desgalaryna we Aşgabatda Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Gezelenç guraýjy Maýa Ataýewa haly muzeýinde myhmanla...
AŞGABATDA ÝEWROPALY NAKGAŞLARYŇ WIDEOINSTALLÝASIÝALARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
Şu günler ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda Fransiýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň wekilleri bolan nakgaşlaryň wideoinstallýasiýalarynyň sergisi açyldy. Myhmanlara üýtgeşik bir zatlaryň garaşýandygyny sergi zalynyň bosagasyndan ätläniňden aňsa bolýardy. Garaňky jaýyň ak diwarlarynda üýtgeşik ýordumlar we hereketli şekiller görkezilýär. Aşgabatda ilkinji gezek guralýan wideoinstallýas...