SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SEBIT MESELELERINDE TÜRKMEN-ÖZBEK HYZMATDAŞLYGYNA ÝOKARY BAHA BERDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebit işlerinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi. Döwlet Baştutanymyz bu barada resmi sapar bilen Aşgabat şäherine gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen gepleşiklerde aýtdy. Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek, ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşyklara, terrorçylyk, ekstremistik, radikal ýüze çykmalara ýol bermezlik iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, horm...
TÜRKMENISTAN WE ÖZBEGISTAN OWGANYSTANDA PARAHATLYGY ÜPJÜN ETMEK IŞINE GATNAŞMAGYNY DOWAM ETDIRER
Türkmenistan we Özbegistan Owganystanda parahatlygy we durnuklylygy üpjün etmek işine gatnaşmagyny dowam etdirer. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Aşgabat şäherine gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren gepleşiklerinde aýtdy. Owganystandaky ýagdaý gepleşiklerimiziň meseleleriniň biri boldy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we biziň ýurtlarymyzyň bu döwletde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek işine gatnaşmagyny, ykdysady...
«AHAL» WE «ALTYN ASYR» FUTBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONATYNYŇ 3-NJI AÝLAWYNA ÝEŇIŞ BILEN GIRIŞDILER
?Ahal» we «Altyn asyr» futbol boýunça ýokary liganyň toparlary[ arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 3-nji aýlawyna ýeňiş bilen girişdiler. Paýtagtymyzyň Büzmeýin erabynda geçen 15-nji tapgyryň oýnunda häzirki çempion «Altyn asyr» Marynyň «Energetigini» 2:1 hasabynda utdy. Ýeňijilerden Altymyrat Annadurdyýew (30-njy minutda) we Begmyrat Baýow (75-nji minutda), garşydaş topardan Serdar Annamämmedow (84-nji minutda) tapawutlandylar. Wise-çempion «Ahal» paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda Balk...
TÜRKMEN KARATEÇILERI ITALIÝADA GEÇJEK AÇYK ÝEWROPA ÇEMPIONATYNDA ÇYKYŞA BAŞLAR
Rim şäherinde başlajak adaty karate boýunça 26-njy açyk Ýewropa çempionatyna Türkmenistandan on sany ýaş türgen we iki tälimçi gatnaşar. Türkmenistanda adaty karate 1994-nji ýylda söweş sungatynyň bu görnüşi Milli federasiýa tarapyndan hasaba alnandan soň, resmi suratda ösdürilip başlandy. Adaty karate boýunça açyk Ýewropa çempionaty 23-nji oktýabrda tamamlanar. https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67270/turkmen-karatecileri-italiyada-gecjek-acyk-yewropa-cempionatynda-cykysa-baslar
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI «MERKEZI AZIÝA- ÝAPONIÝA» GEPLEŞIKLERIŇ ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ ÝYGNAGYNA GATNAŞDYLAR
2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Astana şäherinde ýapon tarapynyň başlangyjy bilen ýokary wezipeli şahslaryň «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gibrid görnüşindäki gepleşikleriň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygynda wekilýet gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa +Ýaponiýa» gepleşikleriniň Daşary işler ministrleriniň 9-njy mejlisiniň gün tertibini, konsepsiýasyny...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda, döwletlerimiziň halklaryny birleşdirýän taryhy gatnaşyklary, medeni we ruhy umumylygy häzirki döwürde strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny nygtaldy. Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Türkmenistan we Özbegistan netijeli ynsanperwer...
TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY ÇUŇLAŞDYRMAK BARADA JARNAMA
Mundan beýläk Taraplar diýlip atlandyrylýan Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy, Dostluk, hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 1996-njy ýylyň 16-njy ýanwaryndaky Şertnamada hem-de Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda 2017-nji ýylyň 6-njy martyndaky Şertnamada esaslandyrylan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň binýatlyk ýörelgelerini goldanyp, häzirki döwürde pugtalanýan türkmen-özbek strate...