img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Okt

DÖWLETIMIZ ILATY ARZAN ÝANGYÇ BILEN ÜPJÜN EDÝÄR

Türkmenistan benzindir dizel ýangyjyny ilat üçin iň arzan bahadan berilýän ýurtlaryň onlugyna girýär. Döwletimiziň durmuş goraglylygyna gönükdirilen syýasaty, uglewodorod serişdeleriniň ummasyz gorlary we olary gaýtadan işleýän önümçilikleriň bolmagy netijesinde ilat ýurdumyzda öndürilýän ýangyç bilen elýeter bahadan üpjün edilýär. Geçen dokuz aýyň netijesi boýunça nebit-gaz toplumynyň we esasy görkezijileriň durnukly ösüşi bellenilýär. Mysal üçin, «Türkmennebit» Döwlet konserni nebit çykarma...

DOWAMY
pic
13 Okt

INNOWASIÝALAR WE HALKARA HYZMATDAŞLYK ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNY DIWERSIFIKASIÝALAŞDYRMAGYŇ MÖHÜM UGURLARYDYR

Ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagydyr. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça wezipeleri çözmek, döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça durmuşa geçirýän strategiýasynda aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň diwersifik...

DOWAMY
pic
13 Okt

TÜRKMEN ŞAHYRYNYŇ GOŞGUSY «EDEBIÝAT DOSTLUGY – HALKLARYŇ DOSTLUGY-2022» EDEBI TERJIMELER BÄSLEŞIGINE GATNAŞDY

Şu güýzde tamamlanan «Edebiýat dostlugy – halklaryň dostlugy-2022» edebi terjimeler bäsleşiginde sözme-söz terjimeden rus diline terjime etmäge hödürlenen milli şahyrlaryň eserleriniň arasyna belli türkmen şahyry, terjimeçi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň hem bir goşgusy bar. Nepis şahyrana we çuňňur filosofik eserleriň awtory K. Gurbannepesow şahyrana kitaplaryň 20-den gowragyny döretdi.Olardan her okyjy şahyryň ömrüň manysy, müdimi gymmatlyklar, sungat we şahyryň wezipes...

DOWAMY
pic
13 Okt

HALKARA FESTIWAL ÖZ IŞINI DOWAM EDÝÄR

Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly – haşam sungaty dünyä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly öz işini dowam etdi. Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan senetçilik işleriniň we amaly-haşam eserleriniň Halkara sergisi festiwalyň ikinji gününde hem köp adamly boldy. Bu ýere gelenler Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Koreýa Respublikasynyň, Türkiýäniň we Latwiýanyň milli mirasyny şöhlelendirýän eserler bilen tanyşdylar. Soňra «Senet...

DOWAMY
pic
13 Okt

ÇAGALAR PUŞKINIŇ ESERLERINI OKAÝARLAR

12-nji oktýabr Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebiniň başlangyç synp okuwçylary üçin Boldino güýzüne bagyşlanan gün boldy. Beýik şahyryň ömründe döredijilik işiniň iň gülläp ösen döwri ̶ 1830-njy ýyl şeýle atlandyrylýar. Çäräniň ilkinji ýarymynda mekdep kitaphanasynda «Puşkinçilere bagyşlanýar» atly dabara guraldy. Onda A. S. Puşkiniň döredijiliginiň muşdaklarynyň kyrka golaýy şahyryň ömri we döredijiligi bilen giňden tanyş boldular we ýörite nyşanjyklar...

DOWAMY
pic
13 Okt

ÝHHG AŞGABATDA GELJEKKI ŽURNALISTLERI OKADÝAR

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi 11-nji oktýabrdan 14-nji oktýabr aralygynda «Žurnalistleriň we kommunikasiýa boýunça hünärmenleriň bilimini döwrebaplaşdyrmaga ýardam» maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň syýasy kommunikasiýa we žurnalistika fakultetleriniň talyplary üçin dört günlük onlaýn-okuwlar geçirýär. Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplaryndan başga-da okuwlarda Hal...

DOWAMY
pic
13 Okt

TÜRKMEN SAMBOÇYLARY AKTAUDA GEÇEN AZIÝANYŇ AÇYK KUBOGYNDA 11 MEDAL GAZANDYLAR

Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde tamamlanan Aziýanyň açyk kubogynda türkmen samboçylary biri altyn, ikisi kümüş we sekizisi bürünç bolmak bilen, 11 medal gazandylar. «Mangistau Arena» stadionynda geçen, 7 agram toparyndaky erkekdir zenanlaryň arasyndan sport we söweş sambosynda iň güýçlüleri kesgitlän bu ýaryşlara 9 ýurtdan 200-den gowrak türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Aşgabadyň Sport we ýaşlar syýasaty boýunça Baş müdirliginiň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi...

DOWAMY