SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KATAR DÖWLETINE SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Katar Döwletine saparda bolýar. Saparyň çäklerinde 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraiki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňe...
TÜRKMENISTANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI FRANSIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Pariž şäheriniň Ýeliseý köşgünde Ilçi M.Çaryýewiň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň...
BELGIÝANYŇ PATYŞASY TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINDEN YNANÇ HATLARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Brýussel şäherinde Ilçi S.Pälwanowyň Belgiýanyň Patyşasy Filippe Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu çäräniň dowamynda Ilçi Belgiýanyň Patyşasy Filippe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gyzgyn salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan iberilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Belgiýanyň Patyşasy Fil...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 20-SI HASABA ALYNDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtoulag benzinini, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewürleri bolsa jins matasyny, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 18 million dollaryna golaý boldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçile...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2022-nji ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary bolar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar. https://www.mf...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BOLDY
2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Astanada gazagystanly kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendiklerini bellemek gerek. Olaryň gün tertibine dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy m...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini açyp, onda ýurdumyzda güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere garaljakdygyny we beýleki käbir meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň welaý...