SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Biz Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz öz hatynda belledi hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekd...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Gahryman Arkadagymyz öz hatynda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda emele gelen köpugurly gatnaşyklar özüniň netijeliligi bilen tapawutlanýar diýip belledi we bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bil...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ SYÝASY WE YKDYSADY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2022-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň Diplomatik gullugynyň Baş direktory hanym Kerol Peres we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň Birinji orunbasary Din Tompson bilen duşuşdy. Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimou gatnaşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselel...
ERKIN GÖREŞ BOÝUNÇA ILDEŞLERIMIZ HALKARA ÝARYŞDA ALTYN WE KÜMÜŞ MEDAL GAZANDYLAR
Rumyniýada ýetginjekleriň (17 ýaşdan uly bolmadyk) arasynda geçirilýän «Constantin Alexandru & Ioan W. Popovici» erkin göreş boýunça ýaryşda türkmen pälwanlary altyn we kümüş medallary gazandylar. Ýaryşda 15 ýurtdan gelen türgenler baýrakly orunlar üçin bäsleşdiler. Biziň toparymyzda altyn medaly Alp Arslan Begenjow gazandy. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdep-internatyň 9-njy synp okuwçysy bu ýeňşe 65 kg. çenli agram toparynda mynasyp boldy. Kümüş medaly bolsa Aşgabadyň umumy bilim berý...
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ BAŞLANGYJY BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYGYŇ «AŞGABAT GÖRNÜŞI» DÖREDILDI
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen, hyzmatdaşlygyň «Aşgabat görnüşi» diýlip atlandyrylan bu meýdança parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ar...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILÇILIKLI TOPARY BAE-NIŇ PREZIDENTINIŇ HATYRA ÇÄRELERINE GATNAŞDY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Il ýaşulysy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşmk üçin Abu-Dabi şäherinde boldy. Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Birleşen Arap Emirliklerine tarap ugrady. Birnäçe...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AWSTRALIÝA ARKALAŞYGYNYŇ GENERAL-GUBERNATORYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory Dewid Jon Hýorlä Türkmenistan bilen Awstraliýa Arkalaşygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esa...