RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Endo Toşiaki döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa ilkinji sapary bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigini belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň öz Milli gününi Bütindünýä sergisinde ilkinjileriň biri bolup geçirm...

DOWAMY
pic
14 Apr

“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň wezipä bellenilen Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň wezipä bellenilen Baş sekretary Sun Weýdunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda A.Gurbanow myhmany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we täze işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda hemmetaraplaýyn strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan üstünlikli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň...

DOWAMY
pic
14 Apr

BMG-niň Baş Assambleýasynyň «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamasy kabul edildi

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Oňa laýyklykda, Baş Assambleýa tarapyndan halkara maslahaty şu ýylyň 5 – 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek kesgitlenildi. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlar...

DOWAMY
pic
11 Apr

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine we “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatyndaky duşuşyga gatnaşdy

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Çärä Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitet...

DOWAMY
pic
11 Apr

Türkmenistanyň wekiliýeti Rimde geçirilen “Dünýäde dialog, ynanyşmak, parahatçylyk, howpsuzlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýanyň Aziýa instituty bilen bilelikde Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Dünýäde dialog, ynanyşmak, parahatçylyk, howpsuzlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşdy. Çäräniň dowamynda BMG-niň 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň inklýuziw, adalatly we durnukly dünýäni gurmaga mümkinçilik be...

DOWAMY
pic
10 Apr

Türkmenistanyň DIM-de LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ikinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingiň işine degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda 2025-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda ge...

DOWAMY
pic
10 Apr

Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çirielliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hökümetara hem-de pudagara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşý...

DOWAMY