SOŇKY HABARLAR
AHALTEKE BEDEWI – SERGINIŇ BAŞ GAHRYMANY
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp her ýyl geçirilýän şekillendiriş eserleriniň bäsleşikli sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bäsleşik şekillendiriş sungaty, grafika, keramika, heýkeltaraşlyk, halyçylyk we dizaýn işleri boýunça geçirildi. Oňa akademiýanyň mugallymlarydyr talyplary bilen bir hatarda ähli isleg bildiren suratkeşler gatnaşdylar. Sergide 400-e ýakyn iş görkezildi. Sergä gatnaşyjylar bu güne kän taýýarlyk gördüler. Ine-de sergi ajaý...
IDEŞIMIZ AFK-NYŇ ÇEMPIONLAR LIGASYNDA GONKONGLY TOPARA ÝEŇIŞ GETIRDI
Türkmen fubolçysy Ruslan Mingazow AFK-nyň Çempionlar ligasynda Gonkongyň «Kitçi» toparyna Tailandyň «Çiangraý Ýunaýted» topary bilen duşuşykda gol geçirip, 1:0 hasabynda ýeňiş getirdi. Oýnuň iň güýçli oýunçysy diýlip ykrar edilen Türkmenistanyň ýygyndysynyň 30 ýaşly ýarym goragçysy duşuşygyň 17-nji minutynda jerime meýdançasynyň daşyndan güýçli urgusy bilen topy tora gönükdärmäge başardy. Bu R.Mingazowyň Aziýa toparlar ýaryşyndaky ilkinji oýnudy, oňa «Kitçi», «Çiangraý Ýunaýted» toparlary bil...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWA GUTLAGLAR
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, döwlet we hökümet ýolbaşçylaryndan hem-de iri işewür toparlaryň wekillerinden gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür we ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikler baradaky iň gowy arzuwlaryny Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serj...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SIRIÝA ARAP RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada Siriýa Arap Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Başar Al-Asada berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Siriýa Arap Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap R...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PALESTINA DÖWLETINIŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Döwlet Baştutanymyz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýand...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KANADANYŇ GENERAL-GUBERNATORYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Meý Saýmona we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Kanadanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýan...
TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI KOMITETIŇ TÜRKMEN BÖLEGINIŇ DÜZÜMI TASSYKLANYLDY
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça bilel...