RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Noý

Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowa...

DOWAMY
pic
30 Okt

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugyň duşuşygy geçirildi. Dar düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlar boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşly...

DOWAMY
pic
30 Okt

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň gidişini seljerdiler we ýakyn wagtda geçiriljek...

DOWAMY
pic
29 Okt

Aşgabatda kiberhowpsuzlyk boýunça türkmen-hytaý geňeşmeleri geçirildi

2024-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda kiberhowpsuzlyk boýunça geňeşmeler geçirildi. Duşyşyga gatnaşanlar bilelikdäki işleriň netijelerine, şeýle-de Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda halkara maglumat howpsuzlygy ulgamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garadylar. Geňeşmeleriň barşynda halkara kiberhowpsuzlygy...

DOWAMY
pic
28 Okt

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Adam söwdasyna gözegçilik etmek we garşy göreşmek boýunça müdirliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi Sindi Daýeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara konwensiýalarynyň durmuşa geçirilmegi we ynsanperwer ugurda ählumumy kabul edilen kadalar bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglanyşykly...

DOWAMY
pic
28 Okt

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy maýyndaky “Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy barada bellikleri etmegiň Tertibi” hakyndaky Buýrugy esasynda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň COVID-19 bilen baglylykda uzaldylan hereket ediş möhletiniň diňe 2024-nji ýylyň 31-nji dek...

DOWAMY
pic
26 Okt

Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 79 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda BMG-niň Aşgabat şäherindäki wekilhanasynda BMG-niň Tertipnamasynyň güýje girmeginiň 79 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, Aşgabat şäherindäki BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. BMG-niň abraýly we kanuny ählumumy halkara forum, parahatçylygy goramagyň we pugtalandyrmagyň kepili hökmünde, şeý...

DOWAMY