SOŇKY HABARLAR
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY
2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezident...
BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY
2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşini mähirli mübärekläp, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi hem-de öz işini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belled...
ÝUNISEF TÜRKMENISTANA ÇAGALARY WE MAŞGALALARY GORAMAK ÜÇIN ZERUR SERIŞDELERI GETIRDI
BMG-niň Çagalar Gaznasynyň ýurt boýunça edarasy (ÝUNISEF) tutuş ýurt boýunça saglygy goraýyş edaralaryna paýlanmagy üçin, bahasy 413.000 ABŞ dollary bolan deksametazon serişdesiniň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty minstrligine gowşurylandygyny habar berýär. Bütindünýä pandemiýasynyň dowam edýän şertlerinde ÝUNISEF tarapyndan maliýeleşdirilýän 4,4 tonna derman gerdejiklerden we ampuladan ybarat bolan deksametazonyň gowşurylmagy ýiti ýokanç hassalyklara garşy durmaga taýynlyk b...
NOWRUZ GELSE ÄLEME...
Ýurdumyz Halkara Nowruz baýramyny bellemäge taýýarlyk görýär. 2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etdi we bu bahar baýramyny halklaryň arasynda parahatlçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik ideallaryny ykrar edýän dabara hökmünde bellemäge çagyrdy. Nowruz halklaryň köpüsiniň medeni ýörelgesi hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzat medeniýetiniň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girýär. Biziň ýurd...
AŞGABAT – BAKU: BILERMENLERIŇ STRATEGIK DERŇEW BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYGY
Ýakynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik derňew merkeziniň işgärleri bilen Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary derňewi merkeziniň işgärleriniň arasynda Türkmenistan we Azerbaýjan halklarynyň bähbidine, şeýle hem Hazar we MA sebitinde parahatlyk hem durnuklylyk ýagdaýyny saklamaga gönükdirilen deňhukukly hyzmatdaşlyk boýunça taraplaryň arasynda ysnyşykly gatnaşygy ýola goýmak barada onlaýn gepleşikler geçirildi. Merkezleriň ýolbaşçylary – Türkmenistandan Ş.Şiriýe...
TÄZE DOKMA TOPLUMLARY – ÝOKARY TEHNOLOGIÝALY ÖNÜMÇILIK
Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlan häzirki zaman dokma toplumlarynda «Jeýtun» we «Mäne» markaly dokma önümlerini öndürmegi özleşdirýärler. Kakaly dokmaçylar tikin önümçiligine – nusgawy we sport eşikleriniň - erkek köýnekleriniň, «çinos» görnüşli jalbarlaryň, çaga jalbarlarynyň we köýnekleriniň önümçiligini ýola goýdular. Babadaýhandaky fabriginde bolsa ýorgan-düşek toplumlarynyň önümçiligi artdyrylýar. Döwrebap dokma toplumlary egirmegi, dokamagy, boýamagy we tikmegi öz...
TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI AKMYRAT ÇARYÝEWIŇ DURMUŞYNDAN BIRNÄÇE PURSAT
Akmyrat Çaryýew tasdan hasapçy bolupdy Ýokary derejeli sazanda Akmyrat Çaryýew Bäherdeniň etegindäki Kelata obasynda dogulýar, onuň obadaşlaryndan dutar çalýany ýokdy. Dogrusy, obada ýeke dutar bardy, olam kitaphanada, saz guraly hökmünde däl-de, milli gymmatlyk hökmünde saklanylýardy. Kitaphanaçy bolsa ony oglanjyga kän bermezdi: bu gymmat zady döwäýmesin diýip çekinýärdi. Erjel okuwçy onuň tarlaryna kakyp görerdi. Belki, dutar tarlaryndan çykýan owaz onuň göwün islegini beýan edendir. On...