SOŇKY HABARLAR
METBUGAT ÜÇIN HABAR
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine hem-de çuňlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Şeýle...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň welaýatlaryna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarlary, Türkmenistanyň Baş prokurory, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny amala a...
GELJEGI NAZARLAÝAN «ÝAŞYL» YKDYSADYÝET
Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinde, ýagny gün we ýel energiýasyanyň hasabyna işleýän, umumy kuwwatllylgy 10 megawat ýurtda ilkinji elektrik bekedi gurlar. Desga ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek bilen, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde peýda boljak ilatly ýerlerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün eder. 2019-njy ýylyň aprel aýynda tassyklanan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 —...
KHDR BILEN TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNA 30 ÝYL DOLDY
Koreýa Halk Demokratik Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli KHDR-iň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hatyny iberdi. KHDR-iň Döwlet işleri boýunça Başlygy hatynda hormatly Prezidentimizi diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, «Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze döwrüň talaplaryna laýyklykda yzy...
TÜRKMENBAŞYDAKY NEBITI GAÝTADAN IŞLEÝÄN ZAWODLAR TOPLUMYNYŇ ÖNÜMLERI DAŞARY ÝURTLY ALYJYLARDA ULY GYZYKLANMA DÖREDÝÄR
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryş kerosinini, polipropileni, ýangyç mazudyny, nebit koksuny, bitumyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Se...
ÝURDUMYZDA SPORT WE ÝAŞLAR SYÝASATY BOÝUNÇA HABARLAR MERKEZI DÖREDILÝÄR
Türkmenistanda ýakyn wagtda Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi işe başlar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew hasabat berdi. Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi kagyzda neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe hem-de sanly ulgama geçirmek, Türkmenistanyň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna gatnaşmagyny giňeltmek, saýtlary we beýleki web-serişdeleri döretmek, gazet-žurnallaryň iş...
DIM-DE HHR-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki depginini kanagatlanma bilen nygtap, şu ýyl türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýubileý tapgyryna gadam basýandygyny aýratyn belläp geçdiler. Duşuşygyň çäklerinde şeýle-de Döwlet baştutanlar...