SOŇKY HABARLAR
TÜRKIÝÄNIŇ «ANADOLU» AGENTLIGI TÜRKMENISTANDA WEKILHANASYNY AÇDY
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Türkiýäniň «Anadolu» agentliginiň Aşgabatda resmi wekilhanasyny açandygyny habar berdi. Ol çarşenbe güni Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasynda ýerli metbugatyň wekilleri we daşary ýurt metbugatynyň ynanç bildirilen habarçylary üçin geçiren metbugat duşuşygynda eden çykyşynda «Anadolu» agentliginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Türkiýe Prezidentiniň Türkmenistana eden saparynyň d...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW “AŞGABAT-SITI” IRI ÝAŞAÝYŞ TOPLUMYNYŇ GURLUŞYK TASLAMASYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞINIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin ak mermerli paýtagtymyzyň demirgazyk künjegine geldi. Döwlet Baştutanymyz “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň dürli maksatly desgalarynyň gurulmagy üçin seçilip alnan ýerleriň derejesini hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýokary ekologi...
«AÝDYŇ GIJELERIŇ» ÖNÜMLERI: PLANŞETLER, «AKYLLY» TELEFONLAR, TELEWIZORLAR WE TÄZE TEHNOLOGIÝALAR
?Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ilkinji gezek urga çydamly «Aýtab» söwda nyşanly 8 we 10 inçlik (8 (10) x 2,54) gara we ak reňkli planşetleriň 2,5 müň sanysyny öndürdi. Sensor ekranly elektron gurluşda Wi-Fi birikmek mümkinçiligi, ýokary takyklykly ses we kamera ulgamy, güýçli işleýiş ulgam, amatly we mäkäm daşy göz öňünde tutulypdyr. Tanymal kärhananyň täze önümi daşary ýurt önümlerinden kem däl, ýöne olardan esli arzan. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda, 25-nji sentýa...
GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGYNA «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA» ÝUBILEÝ MEDALY GOWŞURYLDY
2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Moskwada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýewiň duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň GDA bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmegiň geljegi ugurlary barada pikir alyşdylar. Ilçi Batyr Niýazliýew Sergeý Lebedewe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýub...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: — GOÝ, ZAMAN ATLY TAÝÇANAK WATANYMYZYŇ TÄZE EÝÝAMYŇ BEÝIK MAKSATLARYNA ÝETMEGINDE BEDEW BADYNYŇ NYŞANY BOLSUN!
Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagynyň öňüsyrasynda ady rowaýata öwrülen Pereňiň nesil ugruna degişli Gözbaş we Keýkilhan atly bedewlerden bolan gurtmele taýçanagyň doglandygy baradaky buşluk habaryny eşidip, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Munuň özi “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygar bilen geçýän täze, 2022-nji ýylyň ilkinji günleriniň şatlykly wakasy boldy. Milli Liderimiz halkymyzda g...
«GARABOGAZKARBAMID» ZAWODY – TÄZE ÖSÜŞLERIŇ ÝOLUNDA
Şöhratly taryhymyzda mynasyp orun alyp, geçen 2021-nji ýyly guwandyryjy zähmet netijelerine beslän kuwwatly önümçilik kärhanalarynyň biri hem «Garabogazkarbamid» zawodydyr. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde ýerleşýän bu iri senagat kärhanasynda ýetilen belent sepgitler täze 2022-nji ýylda gazanyljak üstünliklere-de pugta binýat bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, döwletimiz, ýurdumyzyň ummasyz gorlara daýanýan uglewodorod serişdelerini häzirki zaman tehnologiýalar...
TÜRKMENISTANDA RAÝAT ÝAGDAÝYNYŇ ÝAZGYLARYNY ONLAÝN HASABA ALMAK BOÝUNÇA TASLAMA IŞLENIP DÜZÜLÝÄR
Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny onlaýn hasaba alyş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýär. Bu synag taslamasy raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny hasaba...