SOŇKY HABARLAR
OBA HOJALYGY ÜÇIN TÄZE TEHNIKALAR WE TEHNOLOGIÝALAR
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda çykyşynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridigini nygtady. – Munuň üçin biz dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini dörederis. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini özümizde giňden öndürip, olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberl...
«LUKMAN GYZ» ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNYŇ SAHNASYNDA
Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda režissýor Bilbil Mämmedowyň Täçmyrat Repbimowyň pýesasy esasynda goýan aýdym-sazly «Lukman gyz» komediýasynyň taýynlyk görkezilişi bolup geçýär. Lukmançylyk diplomyny alan Jennet söýgülisi garaşýan dogduk obasyna dolanyp gelýär. Hemme zat gül ýaly, ýöne ertesi irden sport lybasyny geýen Jennet ylgamak üçin obanyň içine çykýar. — Masgara! — diýip, Näzik daýza gaharlanýar. — Şu bihaýa gyzy-da gelin edinmelimi?! Beýle zat bolmaz! Belki a...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ YHG-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha bilen duşuşdy. Gepleşikleriň başynda, R.Meredow Baş sekretary bu ýokary we jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň Guramada öz agzalygyna möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Şeýle hem Baş sekretara, şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen, Tür...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ W.W.Ý.Ý. PAKISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow Yslamabatda Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirdi. Onuň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. R.Meredow Pakistan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bell...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ W.W.Ý.Ý YSLAMABATDA BIRNÄÇE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 22-nji martynda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Hususan hem, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. R.Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri R.Kazakbaýew bilen gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň çäklerinde ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähli...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY YHG-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ 48-NJI MEJLISINE GATNAŞMAK MAKSADY BILEN YSLAMATDA SAPARDA BOLÝAR
2022-nji ýylyň 22-23-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň, Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (DIMG) sişenbe güni Yslamabatdaky parlament binasynda işe başlan 48-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Pakistanda saparda bolýar. Musulman ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň her ýyl geçirilýän duşuşygy «Agzybirligiň, adalatyň hem-de ösüşiň hatyrasyna hyz...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň günorta sebitinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi. https://turkmenist...