RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Ýan

OGURJALY ADASY – TÄSINLIKLER DÜNÝÄSI

Taryhy kökleri asyrlara uzap, gözýetmez giňişlikde salgym atyp, has alyslara ýaýylyp gidýän gojaman Hazar deňzine dahylly gyzykly maglumatlar kän. Onuň goýnundaky täsin adalaryň, geň galdyryjy künjekleriň köplügem Hazaryň baý tebigat dünýäsiniň asyrlara ýaň salýan uzak geçmişinden habar berýär. Şeýle taryhy ýerleriň biri-de, kenarýaka Türkmenbaşy şäherinden 45 kilometr daşlykda bolup, deňiz içinde ýerleşýär. Hazar deňziniň jümmüşine, onuň günorta--gündogar bölegine özboluşly bezeg berip otura...

DOWAMY
pic
7 Ýan

HALYÇYLARYŇ ZÄHMET ÜSTÜNLIKLERI

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň agzybir hem-de zähmetsöýer çeper elli halyçylary ene-mamalarymyzdan gelýän bu gadymy hünäre yhlas edip, 2021-nji ýyly ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen jemlediler. Bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy, şeýle hem halyçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde ýylyň dowamynda 20 million 694 müň 223 manatlyk ýokary hilli haly we haly önümleri dokalyp, bu baradaky ýyllyk meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Bu görkeziji kärhan...

DOWAMY
pic
6 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝUNISEF-NIŇ WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Iri halkara guramanyň wekili duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji direktory Ketrin Rasseliň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de gaznanyň Türkmenistan bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary mun...

DOWAMY
pic
6 Ýan

TÜRKMEN EDEBIÝATYNDA DESSANLAR

Türkmen edebiýatynyň XVIII asyrdan bäri belli epiki žanry bolan dessan söýgi ýa-da gahrymançylyk mazmunly ertekileriň, rowaýatlaryň ýordumlarynyň gaýtadan işlenilmegidir. XVIII asyrdan başlap ozal dilden aýdylan dessanlaryň Ýakyn we Orta Gündogar halklarynyň ählisinde diýen ýaly ýazylyp başlanmagy bu žanryň ösmegine ýardam edýär. Goşgy bilen kyssanyň sazlaşykly utgaşygy türkmen dessanlarynyň özboluşly aýratynlygydyr. Nusgawy şahyrlaryň arasynda Nurmuhammet Andalyp türkmen dessançylarynyň b...

DOWAMY
pic
6 Ýan

YZYGIDERLI HOWA GATNAWY AMALA AŞYRYLÝAR

Täze, 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan Kerkiniň Halkara howa menzilinden yzygiderli howa gatnawy amala aşyrylyp başlandy. Aşgabat şäherinden günüň birinji ýarymynda T5-313 gatnaw belgili uçan uçar bir sagatdan soň Kerkiniň Halkara howa menziline gelip gondy. Biraz wagtdan soňra bolsa, uçar ilkinji ýolagçylar bilen Aşgabat şäherine uçuşy amala aşyrdy. Şeýlelikde, welaýatyň Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli, Köýtendag etraplarynyň ýaşaýjylary Türkmenabat şäherine gelmezden ýurdumyzyň paýtagtyna hem...

DOWAMY
pic
6 Ýan

TÜRKMENISTAN - TÄJIGISTAN: SÖWDANYŇ ÖSÜŞ DEPGINI ÖSDÜRILÝÄR

Täjigistanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrligi 2021-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlary bilen söwda dolanyşygynyň has-da artandygyny we Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarynyň 2,7 esse ösendigini habar berýär. Täjigistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek we hil taýdan ösdürmek 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy temlarynyň...

DOWAMY
pic
6 Ýan

DEŇIZ ÝOL ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYK

PCS (port infrastukturasyny dolandyryş maksatnamasy) boýunça hyzmatdaşlygyň çäginde Bakuwyň deňiz söwda porty we Merkezi Aziýanyň deňiz menzilleri öz maglumat ulgamlaryny bir bitewi platformada birleşdirýärler. Bu barada Bakuwyň portunyň strategik meýilleşdirme bölüminiň müdiri Hudaýar Gasanly maglumat berdi. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda hem türkmen hyzmatdaşlary hem-de Aktau (Gazagystan) porty bilen bu ugurda depginli iş alnyp barylýar. Gasanly Merkezi Aziýa ýurtlaryndan daşgary günba...

DOWAMY