SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ 26-SY -- VIII HALKARA MATEMATIKA BÄSLEŞIGINIŇ I TAPGYRYNYŇ ÝEŇIJILERI BOLDULAR
Paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan 9 – 11-nji synp okuwçyalrynyň 26-sy – «Men çözýärin» VIII Halkara matematika bäsleşiginiň 1-nji saýlama onlaýn-tapgyrynyň ýeňijileri boldular. Şu ýyl bäsleşige dünýä ýurltarynyň 18-sinde birnäçe müň ýokary synp okuwçyalry gatnaşdylar. Geçen 7 tapgyryna adatça Ýewraziýa ýurtlarynyň okuwçylary gatnaşýardylar. Şu ýyl oňa ilkinji gezek ABŞ-dan, Kanadadan, Awstraliýadan we Angoladan wekiller goşuldylar. Ýewraziýa yklymyndan şu ýyl Russiýadan, Türkmenist...
HALKARA MAÝYPLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN ÇÄRE
Dekabr aýynyň 3-ne tutuş dünýäde ýigrimi dokuzynjy gezek Halkara maýyplar güni belleniler. 1992-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy maýyplary jemgyýetçilik durmuşyna goşmak maksady bilen dünýä döwletlerini her ýyl şu sene mynasybetli çäreleri geçirmäge çagyrdy. Şondan bäri Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti bu sene mynasybetli dürli çäreleri guraýar. Bu gezegem Jemgyýetiň döredijilik ussahanalarynda gözden geçirişler, bäsleşikler, şeýle hem eşidişi we göreji babatda maýyplaryň işleriniň...
YHG-NYŇ 15-NJI SAMMITINIŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GURALDY
2021-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabadyň “Garagum” otelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Birifinge Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary we işgärleri, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistler, şeýle hem daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň başynda Ykdysady Hyz...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, paýtagtymyzda abadançylyk we döwrebaplaşdyrylyş işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem öňde bolja...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “LUKOÝL” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
u gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işewür hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhame...
«DAÝAHATYN» KERWENSARAÝYNDA ABATLAÝYŞ – DIKELDIŞ IŞLERI ALNYP BARYLÝAR
Amerikanyň Birleşen Ştatlatynyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasy esasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardamy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, Türkmenabat şäherinden 170 km demirgazykda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Gabakly geňeşliginiň çägindäki «Daýahatyn» kerwensaraýynda rejeleýiş, abatlaýyş – dikeldiş işleri alnyp barylýar. Ýokarda agzalan maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadyg...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDA GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 25 MILLION 509 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Türkiýäniň, Polşanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Özbegistanyň täjirleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümi bolan polietileni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy. Owganystanyň we Özbegistanyň...