RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Noý

В ГЕРАТЕ СОСТОЯЛАСЬ ВСТРЕЧА ПРЕДСТАВИТЕЛЕЙ ТУРКМЕНИСТАНА И АФГАНИСТАНА

В рамках визита Чрезвычайного и Полномочного Посла Туркменистана в Афганистане Х.Овезова в город Герат, состоялись переговоры с представителями Афганистана. Визит начался с переговоров делегаций Туркменистана и Афганистана в расширенном формате. Далее состоялись встречи рабочих групп по разным направлениям сотрудничества. В ходе встречи рабочей группы по границе и безопасности были обсуждены вопросы безопасности туркмено-афганской границы, крупных экономических проектов, реализующихся Турк...

DOWAMY
pic
22 Noý

«MERKEZI AZIÝADA DÖM-NYŇ PLATFORMASYNY DÖRETMEK» ATLY SEBITLEÝIN TASLAMA IŞE BAŞLADY

Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde BMG-niň ÖM tarapyndan amala aşyrylýan «Merkezi Aziýada DÖM-nyň platformasyny döretmek» atly sebitleýin taslama işe girizildi. Resmi açylyş dabarasyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň işgärleri, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, şeýle hem halkara maliýe guramalarynyň we hökümete dahylsyz guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Sebitleýin taslama esasy sosial-ykdysady maksatnamalary seljermek we täzelemek, ÝB-...

DOWAMY
pic
22 Noý

HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ BÄŞINJI MEJLISI GEÇIRILDI

Şu gün, 22-nji noýabrda Komitetiň türkmen böleginiň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Komitetiň hytaý böleginiň başlygy, HKP-nyň MK-niň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni...

DOWAMY
pic
22 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞANBE ŞÄHERINDE GEÇIRILEN «ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA» DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Duşanbe şäherinde «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatynda Merkezi Aziýa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.   Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini, 2019-njy ýylyň 1...

DOWAMY
pic
22 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilişi, welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy, şeýle hem milli senenamamyzyň şanly senelerini baýram...

DOWAMY
pic
22 Noý

TÜRKMEN HÜNÄRMENLERI AIW BARLAGYNYŇ HÄZIRKI ZAMAN USULLARY BILEN TANYŞÝARLAR

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy türkmen hünärmenleri üçin häzirki zaman AIW (ВИЧ) barlagynyň usullaryny, hususan-da, «Cepheid GeneXpert» ekspress ulgamyny ulanmak boýunça okuw gurady. «Cepheid GeneXpert» lukmançylyk hyzmatynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we saglygy goraýyş ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen molekulýar anyklaýşyň dünýä boýunça esasy platformasydyr. Bu, işiň gidişiniň çeýeliginiň, derňewleriň takyklygynyň we ulanyly...

DOWAMY
pic
22 Noý

EKSPORT GELEŞIKLERINIŇ ARASYNDA NEBITHIMIÝA WE TEKSTIL ÖNÜMLERI ÖŇDELIGI EÝELEÝÄR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt we suwuklandyrylan gaz Türkiýäniň, BAE-niň we Owganystanyň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bula...

DOWAMY