SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETINIŇ BMG BILEN BILELIKDÄKI MAKSATNAMASYNA GOL ÇEKILDI
Şu gün, 21-nji sentýabrda «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly BMG bilen bilelikdäki Maksatnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň tarapyndan resminama gol çekdiler. Bu taslama toplumlaýyn we adamlara gönükdi...
HALK HOJALYGYNYŇ GAZANANLARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň Sergi merkezinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýurdumyzyň halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi işe başlady. Däp boýunça, oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary, hususy we döwlet edaralary, sosial pudagyň müdirlikleri çagyrylypdyr. Sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol hususan-da: “Türkmenistan ̶ parahatçylygyň we ynanyşmagyň Wat...
ÖZ DILIŇIZ BARADA GÜRRÜŇ BERIŇ: ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ DILLER ATLASYNY DÖRETMÄGE GATNAŞYŇ
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşen edarasy (UNESCO) dünýä dilleri barada täze maglumatlary ýygnamak üçin, onlaýn soragnamany işe girizdi. Maglumat ýygnamak boýunça bu tagallalar innowasion we interaktiw gural, ýagny ÝUNESKO-nyň dünýäde ulanylýan 8 müňden-de gowrak dili öz içine alýan bütindünýä diller atlasyny döretmäge gönükdirilendir. Dil ulanmak bilen baglanyşykly ummasyz jäheti öz içine alýan atlas olaryň deň derejede ykrar edilmegi üçin, dilleri gorap saklama...
TÜRKMENISTANYŇ RUMYNIÝADAKY ILÇIHANASY KIÇI FUTBOL BOÝUNÇA ÝARYŞ GURADY
Türkmenistanyň Rumyniýadaky (Buharest ş.) ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli kiçi futbol boýunça ýaryş gurady. Çärä Rumyniýada ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, rumyn paýtagtynda okaýan türkmenistanly talyplar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew öz çykyşynda Türkmenitanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlary bilen tanyşdyrdy, ýurduň içeri we daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlar bar...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNISEF-IŇ AŞGABATDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň baştutany Kristin Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gazanylan üstünlikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçdiler. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda çagalar üçin köpugurly durmuş hyzmatlarynyň kämill...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ IŞ KESILENLERIŇ GÜNÄSINI GEÇMEK HAKYNDA PERMANA GOL ÇEKDI
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çek...