SOŇKY HABARLAR
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI DÖWLET SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ýurdumyza döwlet sapary bilen geldi. Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň Ahalteke atçylyk toplumyna bardylar. Ol ýerde döwlet ýolbaşçylary ahalteke bedewlerini synladylar hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Saparyň çäklerinde 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagys...
ÝUMŞAK GAP ÇYKARÝAN ZAWOD IŞLÄP BAŞLADY
?Aziýa plastik» kärhanasy ýerli polipropilenden önümiň ilkinji tapgyryny çykardy. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 1-nji oktýabrda ürgün serişdeler üçin polipropilen halta öndürýän zawod işe girizildi. Indi sehde oturdylan awtolamik enjamda 50-60 kilogram un daşamak üçin ýumşak gap taýýarlanylýar. Önüm çykarmak üçin Türkmenbaşy NGIZT-nda we Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän ýerli çig mal ulanylýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Mekan Şalyýerw plastik lentalarda...
ŞUGUNDYRYŇ BOL HASYLY ÝETIŞDIRILDI
Murgap jülgesiniň ekerançylary oba hojalyk ýylynyň iň soňky hem iň süýji hasylyny- gant şugundyryny ýygnamaga girişdiler. “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri bu möwsüme nekirt etmek üçin Sakarçäge etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginden Ogulbossan Daňatarowanyň gant şugundyrynyň bitginli hasyly ýetişdirilen 3 gektar kärende ýerini saýlap aldylar. Öz ekin ýerinden bugdaýyň ýokary hasylyny almagy başaran tejribeli daýhan ikinji ekininiň hem her gektaryndan azyndan 145...
ÝERLI GORLARA ESASLANYP
Daşoguz şäherinde ýerleşýän kafel plitalaryny öndürýän kiçi kärhana ýanýoda niýetlenen plitanyň täze dört görnüşini öndürmegi ýola goýdy. Biri-birinden dürli biçüwi we şekili bilen tapawutlanyp, «Türkmen göl», «Samarkant», «Korund» we «Şewrolet» ýaly şahyrana atlary göterýän bu önümler landşaft dizaýnynda, meýdançalary abadanlaşdyrmakda, seýilgähiň pyýada ýollarynda ulanmak üçin niýetlenendir. Esasan ýerli çig mal serişdelerinden öndürilýändigi üçin bu önümler ekologiýa taýdan arassa bolup, berk...
NURY HALMÄMMEDOWYŇ SAZLARY KONSERWATORIÝADA
Nury Halmämmedow heniz Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynda okaýan döwri belli kompozitor Aleksandr Aleksandrow bu ýaş, zehinli ýigit barada: «Öte ýiti we juda zehinli» -diýip ýazypdy. Türkmen aýdym-saz sungatynyň nusgawy kompozitory Nury Halmämmedowyň eserleri ussatlygyň belent derejesiniň nusgasy bolup, türkmen halkynyň ruhy mirasyna baky girdi. Milli sungatyň ýörelgelerinde kemala gelen we oňa ömürlik ygrarly bolan kompozitor öz döredijiliginde ummasyz baý saz medeniýetler...
HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI OLIMPIADALARYŇ BÄŞISINI GEÇIRER
Şu ýylyň 15-nji noýabryndan 20-nji noýabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda onlaýn görnüşde türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin birbada bäş ders boýunça olimpiadalary guraýar. Ykdysadyýet, filosofiýa, häzirkizaman türkmen jemgyýeti, hytaý dili, ýöriteleşdirilen iňlis dili boýunça olimpiadalar geçiriler. Talyplar öz isleglerine görä, bir ýa-da birnäçe olimpiada gatnaşyp bilerler. Her ýokary okuw jaýyndan...
BMG-NIŇ AZYK WE OBA HOJALYK GURAMASYNYŇ WEKILI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Sebitleýin edarasynyň Direktory Wiorel Gusu bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň FAO bilen özara hereketleriniň esasy ugurlaryna seredilip geçildi. Türkmen tarapynyň Guramanyň işine ýokary baha berýändigi hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşiniň we azyk howpsuzly...