SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MALIÝE-YKDYSADYÝET WE NEBITGAZ TOPLUMLARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleri döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny...
TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNA TEBIGY GAZYŇ ÇYKARYLÝAN MÖÇBERINI ARTDYRMAK BOÝUNÇA KARZ SERIŞDELERINI BÖLÜP BERMEK TABŞYRYLDY
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyna “Türkmengaz” döwlet konsernine nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MALIÝE-YKDYSADYÝET TOPLUMYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministriniň, bank düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylary bilen bu...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY – HYTAÝ: YKDYSADY HYZMATDAŞLAR WE PIKIRDEŞLER
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammit geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitindäki sanly ulgam arkaly çykyşynda Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň gatnaşyklary köp asyrlar bilen ölçenilýändigini belledi. Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletlerini bolsa «Dialog — parahatçylygyň kep...
PANDEMIÝANYŇ ÝAÝRAMAGYNA GARŞY GÖREŞ MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE HYTAÝYŇ ÜNS MERKEZINDE
Sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammitinde koronawirus ýokanjynyň gelip çykyşyny öwrenmekde dünýäniň ähli ylmy güýjüni birleşdirmegiň zerurdygyny ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we HHR-iň ylmy-lukmançylyk birleşikleriniň, epidemiologiýa we sanitariýa gulluklarynyň, beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň usulyny...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Merdowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimouň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler. Şeýle hem diplomat...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda diplomatlar şu ýylyň 25-nji ýanwarynda geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» onlaýn-sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýokarda görkezilen Forumyň barşynda Döwlet Baştutanlary tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň hem-de gazanylan ylalaşyk...