SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN — AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNA 20 ÝYL
13-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçi gaznasynyň» 20 ýyllygyna bagyşlanan internetüsti türkmen-amerikan halkara maslahaty bolup geçdi. Bu gaýybana maslahaty Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hyzmatdaşlygynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady. Maslahatyň işine Amerika tarapdan AFSP komitetiniň, Kongress kitaphanasynyň, San-Antoniodaky Tehas uniwersitetiniň, Bütindünýä miras gaznasynyň, Bütindünýä ýad...
TÜRKMEN TALYPLARY AŇ-PAÝHAS BÄSLEŞIGINE GATNAŞDYLAR
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmensitandaky wekilýeti türkmen talyplary üçin onlaýn-bäsleşik gurady. Intellektual bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Mili dünýä dilleri institutynyň talyplar toparlary gatnaşdylar. Oňa gatnaşanlaryň bilimine hatarynda Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing, Fransiýa Respub...
«TÜRKMENPOÇTA» «ÇAPAR» GOŞUNDYDAN PEÝDALANMAGY TEKLIP EDÝÄR
?Türkmenpoçta» poçta aragatnaşygy kompaniýasy köpugurly «ÇAPAR» ykjam goşundy işläp taýýarlady, onuň kömegi bilen uzak aralykdan käbir hyzmatlary töläp, şeýle hem çapar çagyryp bolýar. «ÇAPAR» goşundysy Google play-den we App Store-den ýükläp almak üçin elýeterlidir. «Tölegler» bölüminde müşderi ÝGG-nyň jerimelerini, «AŞTU»-dan we «Türkmentelekom»-dan öý internetine, IP-TV, şäher telefonyna töleg geçirip we «Altyn asyr» ykjam operatoryň balansyny dolduryp biler. «ÇAPAR» goşundysy wagty bil...
ŽENEWADA OWGANYSTANDAKY YNSANPERWERLIK MESELELERI BOÝUNÇA MINISTRLER DEREJESINDE MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Ženewada gibrid görnüşde Owganystanda ynsanperwer meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Ýokary derejeli maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk ýörelgelerine esaslanmak bilen, ýakyn ýerleşen ýurtlara, şol sanda Owganystana ulgaml...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY AÝLAG HYZMATDAŞLYK GEŇEŞI BILEN ÖZARAGATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGI MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretariýatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Er-Riýad şäherindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileriniň Geňeşiň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we gepleşikler boýunça orunbasary bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatlary Geňeş bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol sanda, taraplaryň bar bola...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görlüşine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly ýerine ýetirilişine degişli meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş ma...
TEBIGATYŇ JADYLAÝJY MANZARALARY WE AJAÝYP ÝADYGÄRLIKLERI: HAÝRABATDA BITEN ALMA AGAJY
Türkmenistanyň tebigaty özboluşly we geň galdyryjy derejede ajaýypdyr. Tebigy ýadygärlikler syýahatçylary özboluşly aýratynlyklary bilen haýrana goýýar. Ösümlik dünýäsi ýabany miwe we hoz tokaýlaryndan, dag eňňitlerindäki arça tokaýlaryndan, seýrek agaçly we gyrymsy ösümlikli tropik zolaklardaky selçeň pisse tokaýlaryndan, sazak tokaýlaryndan ybaratdyr. Şonuň ýaly-da dürli haýwanat dünýäsi - Merkezi Aziýa alajagaplaňlary, argalylar, gulanlar, jerenler syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde...