img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞANBEDE GEÇIRILEN «MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ 14-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Duşanbe şäherinde Daşary işler ministrler derejesinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy 14-nji mejlisi geçirildi. Forumyň işine «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy-ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Özara hereketleriň dört sany ýörite ugry: tokaý hojalygy, «ýaşyl» energetika, saglygy goraýyş we...

DOWAMY
pic
30 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DUŞANBE ŞÄHERINDE IŞJEŇ DUŞUŞYKLARYŇ BIRNÄÇESINI GEÇIRDI

Şu gün, 30-njy noýabrda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar golaýda türkmen paýtagtynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji Sammitiniň netijelerini...

DOWAMY
pic
30 Noý

AŞGABATDA «PARAHATÇYLYGYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA WEBINARY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinary geçirildi. Webinara dünýäniň 15 ýurdundan 40-dan gowrak medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topar...

DOWAMY
pic
30 Noý

MULTIMEDIA ŽURNALISTIKASY AŞGABATDA GEÇIRILEN HALKARA ONLAÝN-SEMINARYŇ ÜNS MERKEZINDE

Aşgabatda mutltimedia žurnalistikasy boýunça onlaýn-okuw geçirildi. Üç günlük çärä Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnaistika fakultetleriniň mugallymlary bilen talyplary gatnaşdylar. Beýik Britaniýadan halkara bilermeni multimedia tehnologiýalar ulgamynda häzirki zaman ýörelgeleri we multimedia kontentini döretmek üçin gurallary hem hyzmatlary bilen tan...

DOWAMY
pic
30 Noý

TÜRKMEN MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ 26-SY -- VIII HALKARA MATEMATIKA BÄSLEŞIGINIŇ I TAPGYRYNYŇ ÝEŇIJILERI BOLDULAR

Paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan 9 – 11-nji synp okuwçyalrynyň 26-sy – «Men çözýärin» VIII Halkara matematika bäsleşiginiň 1-nji saýlama onlaýn-tapgyrynyň ýeňijileri boldular. Şu ýyl bäsleşige dünýä ýurltarynyň 18-sinde birnäçe müň ýokary synp okuwçyalry gatnaşdylar. Geçen 7 tapgyryna adatça Ýewraziýa ýurtlarynyň okuwçylary gatnaşýardylar. Şu ýyl oňa ilkinji gezek ABŞ-dan, Kanadadan, Awstraliýadan we Angoladan wekiller goşuldylar. Ýewraziýa yklymyndan şu ýyl Russiýadan, Türkmenist...

DOWAMY
pic
30 Noý

HALKARA MAÝYPLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN ÇÄRE

Dekabr aýynyň 3-ne tutuş dünýäde ýigrimi dokuzynjy gezek Halkara maýyplar güni belleniler. 1992-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy maýyplary jemgyýetçilik durmuşyna goşmak maksady bilen dünýä döwletlerini her ýyl şu sene mynasybetli çäreleri geçirmäge çagyrdy. Şondan bäri Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti bu sene mynasybetli dürli çäreleri guraýar. Bu gezegem Jemgyýetiň döredijilik ussahanalarynda gözden geçirişler, bäsleşikler, şeýle hem eşidişi we göreji babatda maýyplaryň işleriniň...

DOWAMY
pic
29 Noý

YHG-NYŇ 15-NJI SAMMITINIŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GURALDY

2021-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabadyň “Garagum” otelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Birifinge Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary we işgärleri, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistler, şeýle hem daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň başynda Ykdysady Hyz...

DOWAMY