RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Awg

TÜRKMEN ÝÜZÜJILERI TOKIO OLIMPIADASYNDA ÇYKYŞLARYNY TAMAMLADYLAR

Tokioda geçirilýän XXXII tomusky olimpiýa oýunlarynda arkan ýüzüş ussatlary medal almak üçin 200 metr aralykda bäsleşdiler. Ýigrimi dokuz baýrak dalaşgäriniň gatnaşan erkekler maksatnamasynyň bu görnüşinde Türkmenistanyň wekili Oýunlaryň açylyş dabarasynda baýdak göteren halkara sport ussady, 26 ýaşly aşgabatly Merdan Ataýew boldy. Ol ilkinji deslapky ýüzüşde çykyş edip, pellehana 2 minut 3,68 sekuntda ýetmek bilen, bu aralykda öňki görkezijisini 3,38 sekunt gowulaşdyrdy. Maksatnamanyň bu...

DOWAMY
pic
3 Awg

TÜRKMENISTAN WE ÖZBEGISTAN MERKEZI AZIÝA LIDERLERINIŇ SAMMITINIŇ ÖŇÜSYRASYNDA

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Aşgabada gelen Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary, ýurduň Maýa goýumlary we Daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen gepleşik geçirdi. Taraplar ulag, ýangyç we energetika, şeýle hem iki tarapa-da bähbitli beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Goňşy döwletleriň premýerleriniň orunbasarlary Türkmenistan – Özbegistan hökümetara toparynyň işiniň waj...

DOWAMY
pic
3 Awg

AŞGABATLYLARA SOWGAT EDILEN KAMERA KONSERTI

Döwlet simfonik orkestriniň solistleri “Aşgabat” medeni dynç alyş seýilgähinde geçirilen iki aýdym-saz agşamyny paýtagtyň ýaşaýjylaryna sowgat etdiler. Kamera konsert maksatnamasyna fortepianonyň fleýta, goboý we klarnet bilen sazlaşygyna niýetlenip döredilen eserler girizildi. Bu konsertiň geçiriliş taryhy şeýleräk: uýalar Mähri Orazowa (fortepiano) we Selbi Owezowa (fleýta) tomus döwründe sazdan elleri çykyşmazlyk üçin, öýlerinde Franz Doppleriň “Wengriýa fantaziýasy”, Astor Pýassollanyň “F...

DOWAMY
pic
2 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatlaryň hem-de olaryň etraplarynyň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, sanly ulgam arkaly A...

DOWAMY
pic
2 Awg

ÖZBEGISTANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY, MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň barşynda S.Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýokary döwlet derejesindäki ygtybarly syýasy gepleşikler esasynda ilerledilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini kanag...

DOWAMY
pic
2 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÄJIGISTANYŇ SENAGAT WE TÄZE TEHNOLOGIÝALAR MINISTRI BILEN DUŞUŞDY

2021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar giň gerimli türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iki döwletiň gyzyklanmalaryny tassykladylar. Taraplar Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana öňde boljak döwlet saparynyň ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyk...

DOWAMY
pic
2 Awg

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNYŇ PLENAR MEJLISINIŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTAN TARAPYNDAN ÖŇE SÜRLEN KARARNAMA BIRAGYZDAN KABUL EDILDI

2-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama...

DOWAMY