SOŇKY HABARLAR
TEBIGATY GORAMAK UMUMY WEZIPÄMIZDIR
17-nji iýun çölleşmä we gurakçylyga garşy Bütindünýä göreş günüdir. Laýyk 25 ýyl mundan öň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi BMG-niň çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýasyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda Araly halas ediş halkara gaznanyň Durnukly ösüş boýunça halkara komissiýanyň Ylmy-maglumat merkeziniň sebit boýunça direktory, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Muhammet Hudaýberdiýewiç Durikow “AA”-nyň habarçysyna şeýle gürrüň berdi: –Türkmenistan 1996-njy ýylda ilkinjileriň biri...
TEKSTIL PUDAGYNYŇ ÖNÜMLERI BIRŽA SÖWDASYNDA ÖŇ HATARDA
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 176-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa, Türkiýe, Azerbaýjan döwletleriniň wekillerine tüýjümek önümler we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 2 million 252 müň dollaryndan gowrak boldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýä...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MÖWSÜMLEÝIN OBA HOJALYK IŞLERINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysg...
TÜRKMENISTANYŇ DEMIRGAZYGYNDA BAGÇYLYK ÖSDÜRILÝÄR
Daşoguz welaýatyndan Türkmensitanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzasy Sarybaý Hanbaýew ir ýetişýän almanyň we beýleki miweli ekinleriň täze hasylyndan ilkinji tapgyryny bazarlara ugratdy. Onuň baglary Ruhubelent etrabyndaky 35 gektar tarp ýerde ýerleşýär. Bagyň on gektarynda ülje, şonça meýdanda erik, ýene on gektar meýdanda almadyr armyt ýetişdirilýär. Bäş gektar meýdanda ýetişdrilýän üzüm agaçlardan hem gowy hasyl alynýar. Telekeçi ekin ýetişdirmegiň döwrebap ususllaryny ulanmag...
ANDREÝ PLATONOWYŇ DÖREDIJILIGINDE TÜRKMENISTAN
Ençeme tanymal ýazyjylaryň we şahyrlaryň ykbaly Türkmenistan bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň biri hem özboluşly rus ýazyjysy Andreý Platonow. Platonowyň biziň ýurdumyzda geçiren döredijilik iş saparynyň netijesinde ýazan edebi eserleri türkmen dramaturglaryny we režisýorlaryny öz eserlerini döretmäge höweslendirdi. 2011-nji ýyldan bäri her ýylyň iýun aýynda ýazyjynyň dogduk mekanynda – Woronežde halkara Platonow festiwaly geçirilýär we bu festiwal sebitiň esasy medeni çäreleriniň birine öw...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ YLMY JEMGYÝETÇILIGINE HEM-DE “YLYM, TEHNIKA WE INNOWASION
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda halkara ylmy maslahata dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleriniň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň, inžener-tehnologlarynyň gatnaşmagynyň biziň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatymyza halkara jemgyýetçilik tarapyndan uly gyzyklanmanyň barha artýandygyna hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigi bellenilýär. Häzirki zaman bilimleriniň we ylymlarynyň dünýäniň ykdysady, medeni, innowasion ösüşlerine gö...
TÄZEÇIL TEHNOLOGIÝALAR — ÖSÜŞIŇ BINÝADY
Türkmenistanda alymlaryň, ylmy guramalaryň işgärleriniň güni bolan Ylymlar güni bellenildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly iki günlük halkara ylmy maslahat boldy. Forumy Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy gurady. Maslahatyň açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Bu ýerde täzeçil tehnologiýalaryň sergisi guraldy. Masl...