SOŇKY HABARLAR
PAÝTAGTYMYZYŇ ŞANLY SENESINIŇ HORMATYNA ÝOKARY SYLAGLAR
Şu gün paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge uly şahsy goşantlaryny goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramalaryň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Köp ýyllaryň dowamynda päk ýürekli we birkemsiz çeken zähmeti üçin sylaglara mynasyp bolan watandaşlarymyzy hormatlamak — ýurd...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Milli Liderimiz mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ KARARY
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen ady dakmak hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň öz ene t...
“MENIŇ KAKAM” – FILM NÄHILI DÖREDI: ARSLAN EÝEBERDIÝEW BILEN SÖHBETDEŞLIK
Ýaňy tamamlanan “Aşgabat bahary” gysga metražly film bäsleşigi täze zehinleri ýüze çykardy. “Meniň kakam” filmi iki ugurda: iň gowy aýal roly we eminleriň saýlan eseri hökmünde üstünlik gazanyp, bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Bu kinokyssanyň ssenarisiniň awtory, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň režissýory Arslan Eýeberdiýew “AA”-yň habarçysy bilen söhbetdeşlikde onuň döreýşi hakda gürrüň berdi. Kartina kiçijik gyzjagazyň kakasyna bolan söýgüsi barada söhbet açýar. Awtor özüniň bu filmi...
AŞGABADYŇ BAÝRAMÇYLYK GÜNÜNDE AZERBAÝJANYŇ TELEWIDENIÝESI TÜRKMEN SUNGAT USSATLARYNYŇ ÇYKYŞYNY GÖRKEZER
Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy, şeýle-de Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň Bakuwdaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde birnäçe bilelikdäki medeni çäreler geçiriler. Bu barada Trend azerbaýjan habarlar gullugy habar berýär. Hususan-da, 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Azerbaýjanyň «Mədəniyyət TV» teleýaýlymynda baýramçylyk konserti görkeziler. Onda Türkmenistanyň akademiki we halk aýdym-sazlaryny ýer...
«AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XX HALKARA KÖPUGURLY SERGÄ GATNAŞYJYLARA
Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biridir. Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. Bu serginiň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda ähmiýe...
ALBUKERKE ŞÄHERINDE 25-NJI MAÝYŇ «DOGAN ŞÄHER AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNI» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygynyň bellenýän gününi, ýagny 2021-nji ýylyň 25-nji maýyny Albukerke şäherinde «Dogan şäher Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stol geçirildi. Bu çäre Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy. Tegelek stola Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institut...