SOŇKY HABARLAR
«WOZROŽDENIÝE» ŞEREKETI: SILE GARŞY BERKITME GURLUŞYGYNYŇ TÄZE DÖWRI
“Wozrozdenie” şereketiniň Türkmenistandaky şahamçasy paýtagty silden goramaly desgalar toplumynyň gurluşygynda esasy gazuw işleriniň agramly bölegini tamamlap, beton işlerine başlady. Indi onuň öňünde (sil suwuny toplaýjyny, sorujy beketleri, geçiriji, süzüji we baş desgalary öz içine alýan) kanaldyr turbageçirijiler ulgamyny döretmek, bar bolan kanalyň durkuny täzelemek, ýol işlerini tamamlamak we elektrik üpjünçiligini ýola goýmak işleri dur. Geçen ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezident...
TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY MÖHÜM MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşigiň barşynda taraplar türkmen-gazak gün tertibiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler iki döwletiň arasynda ýokary derejedäki yzygiderli we ynamly syýasy gepleşigiň ähmiýetini nygtad...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER
2021-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirdi. Taraplar Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýakynda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň tabşyryklaryna laýyklykda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbe...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI GEÇIRILDI
Şu gün, 2-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Şöhbetdeşligiň dowamynda taraplar golaýda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgini belläp geçdiler. Ministrler döwlet baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatynda pikirl...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA» ÝOKARY DEREJELI DIALOGYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda Daşkentde Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasat hem-de howpsuzlyk meseleleri boýunça «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ýokary derejeli Dialogyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa wekiliýetine Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Enrike Mora ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hökümet mejlisiniň gün tertibine girizilen meselelere geçip, milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny seljermek we kä...
TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY – BEDEW
At türkmen üçin maddy hem ruhy baýlyk saýylypdyr. Hawa, bedew barjamlylykdan, gurplulykdan nyşan bolsa-da, oňa haryt-mal hökmünde garalmandyr, çünki asyllylygyň, wepanyň, dostlugyň bahasy ýok ahyry. Ady äleme dolan türkmen bedewlerinde hut şeýle ajap sypatlar jemlenen. Haýwanlaryň arasynda abraý-derejesi babatda ýolbarsa haýwanlar şasy diýilse, adamlar ahal-teke atlaryna «asman şasy» ýa-da «behişdi bedew» diýip, ony has arşa çykarypdyrlar. Aslynda ynsan atyna şeýle baha berip, ony öz derejes...