SOŇKY HABARLAR
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY DUŞUŞYKLAR
Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmek Türkmenistana geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar YHG-nyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, parlament diplomatiýasy arkaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem dürli ugurlar boýunça sebitleýin...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINI DAŞARY ÝURTLY KÄRDEŞLERI DOGLAN GÜNI BILEN GUTLAÝARLAR
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan öz ösüşinde uly üstünlikler gazandy hem-de häzirki wagtda dünýä giňişliginde mynasyp orun eýeleýär. Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn nygtamak isleýärin. Gyrgyz...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeşiň) Baş sekretary B.Amreýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň bu formatdaky döwletleriň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen Türki Geňeş bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň derejesini we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda Geňeş tarapyndan gurnalýan ýokary dereje...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI SADYR ŽAPAROW STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Saparyň birinji gününde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Söwda-senagat edarasyna bardy, ol ýerde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşdy hem-de türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdy. Saparyň ikinji gününde, 28-nji iýunda ir bilen ýokary derejeli myhman onuň üçin niýetlenen rezidensiýasyndan Aşgabadyň merkezinde ýerleşen...
TELEKEÇILER ÜÇIN INTERNET HYZMATLARY
“Türkmen Hemrasy” ýapyk paýdarlar jemgyýeti türkmen telekeçilerine internet hyzmatlary üçin amatly bahalary hödürleýär. Bu maglumat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň resmi saýtynda ýerleşdirilipdir. XXI asyrda häzirki zaman hemra aragatnaşyk hyzmaty, ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda iş alyp barýan türkmen telekeçilerini-de goşmak bilen, işewürleriň netijeli işlemegi üçin möhüm şertleriň biridir. Bu şereket Türkmenistanyň giň geografik zolaklaryny, şol sanda süýüml...
JEMGYÝETÇILIK IŞI BOÝUNÇA TÄZE HÜNÄRMENLER DOLY OKUW DÖWRÜNI TAMAMLADYLAR
Jemgyýetçilik işi boýunça täze hünärmenler Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda gurnalan giňişleýin okuwyň düzüminde nobatdaky 15 günlük tälim okuwyny geçdi. 45 günlük okuwyň soňky tapgyry tamamlanandan soň, olara jemgyýetçilik işleri pudagynda ýokary hünär derejesini tassyklaýan şahadatnamalar gowşuryldy. Şahadatnama gowşurmak dabarasy ýurduň dürli sebitinden bolan hünärmenleriň inter...
BELORUSYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ POÇTA ŞEREKETLERI HYZMATDAŞLYGY DOWAM ETDIRERLER
2021-nji ýylda Belarusyň “Belpoçta” respublikan unitar kärhanasy bilen Türkmenistanyň “Türkmenpost” döwlet poçta şereketiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk dowam eder. “Belpoçtanyň” Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) we onuň kadalaşdyryjy-hukuk esasynyň çäginde, şeýle hem ikitaraplaýyn şertnamanyň esasynda halkara ýollamalar alyş-çalyş EMS pudagynda poçta hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde “Türkmenpoçta” bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. “Belarus we Türkmenistan Sebit arkalaşygyny...