SOŇKY HABARLAR
GALLA ORAGYNYŇ ÝOKARY DEPGINLERI
Ýurdumyzda gyzgalaňly dowam edýän orak möwsüminde türkmen gallaçylary Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylda uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ekerançylygyň hasyllylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, şu ýyl bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. 20-nji iýunda birbada alty etrap döwlete galla ta...
«TURKMENLINE» HUSUSY ULAG-LOGISTIK ŞEREKETI TÄZE UGRY ÖZLEŞDIRÝÄR
Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan bazar özgertmeleriniň netijesinde, döwlete degişli däl ulgamyň jemi içerki önümdäki (JIÖ) paýy, ýangyç-energetika toplumy göz öňünde tutulmasa, 70%-e ýetdi. Bu diňe bir hususy eýeçilik görnüşindäki hojalygy alyp barýan subýektleriň we telekeçileriň sanynyň artmagy, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň Döwlet býujetine barha artýan goşandy bilen häsiýetlendirilýän mukdar taýdan ösüş bolman, eýsem täze hildir, telekeçilik işiniň has giň gerimidir. B...
SARRY GARRYÝEW -- «ALADDINIŇ JADYLY ÇYRASYNDAKY» ARWAH
1966-njy ýylda «Müň bir gije» arap ertekilerinň äheňinde düşürilen «Aladdiniň jadyly çyrasy» atly film kino ekranlaryna çykdy. Film Türkmenistandan has uzakda, Maksim Gorkiý adyndaky çagalar we ýetginjekler filmleriniň Merkezi kinostudiýasynda surata düşürilipdi, ondaky baş keşpleriň birini türkmen aktýory Sary Garryýew janlandyrypdy. Sary artist bolmak barada pikirem etmeýärdi. Ol 1906-njy ýylda çetki türkmen obalarynyň birinde düýnä inýär, mekdebi tamamlandan soň demir ýol-abatlaýyş zawodyn...
“TÜRKMENPOÇTA” ŞEREKETI: UÇAR PETEKLERINI PAÝTAGT BÖLÜMLERINDEN ALMAK BOLÝAR
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” Döwlet poçta aragatnaşygy şereketi Aşgabadyň ilaty üçin hyzmatlaryň gerimini giňeldýär. Paýtagtymyzyň poçta bölümlerinde indi diňe demirýol ulagy üçin däl, eýsem ýerli howa ýollaryna-da petek almak bolýar. Uçar petekleri her gün 8.00-dan 20.00-a çenli işleýän 1, 15, 17, 20 we 35-nji poçta bölümlerinde ähli ugurlar boýunça satylýar. Bu hyzmatyň welaýat poçta bölümlerinde-de ulanylyşa girizilmgi boýunça işler alnyp barylýar. Aragatnaşykçylar m...
KONONENKO TÄZE WEZIPÄ BELLENILDI
21-nji ýiunda doglan ildeşimiz, kosmonawt Oleg Kononenko täze wezipä bellenilldi. «Роскосмос» korporasiýasynyň baştutany Dmitriý Rogoziniň karary bilen ol dolandyrylýan kosmanawtika boýunça baş direktoryň ýörüte wekili wezipesini eýeledi. D.Rogozin: «Ol bu bölüme birikme serkerdesi hökmünde ýolbaşçylyk eder, şeýle hem birikme tarapyndan raketa-kosmos tehnikasynyň döredilişiniň gidişine goşmaça toparlaýyn gözegçiligi amala aşyrýan wezipeleriň birnäçesini ýerine ýetirer» - diýdi. «Роскосмос»...
SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Daşoguzda 450 orunlyk täze köpugurly hassahana we 150 orunlyk onkologiýa keselhanasy gurulýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň täze iri iki desgasynyň gurluşygyny «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýokary depginde alyp barýarlar. Görogly köçesiniň ugrunda golaý ýerleşýän bu iki bina on bäş gektara golaý meýdany tutýar. Täze köpugurly hassahanada maslahat beriş, fizioterapiýa, arterial ýokary gan basyşy, pulmon...
POHLÝOBKIN TÜRKMEN ÇALY BARADA
Bedeniň mikroelement gorlaryny ýitirýän tomus aýlarynda suw deňligini dikeltmäge türkmenleriň söýgüli içgileriniň biri bolan düýe çaly gaty gowy kömek edýär. Bu içginiň birnäçe keselleriň öňüni almakdaky peýdasy we halk lukmançylygynda giňden ulanylmak mümkinçiligini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem öwran-öwran nygtaýar. Meselem, 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan döwrebap «Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasynda milli Liderimiz w...