RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy. Abraýly sebitara we halkara guramalar bilen köpugurly esasda hyzmatdaşlyk etmek Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirýän ýu...

DOWAMY
pic
16 Iýun

SAZA BAGYŞLANAN ÖMÜR... SUHAN TÜÝLIÝEWIŇ DÖREDIJILIK ÝOLY

7-nji iýunda türkmen kompozitory, ýurdumyzyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew 65 ýaşynyň toýuny toýlady. Suhan Alyýewiç şu günler hem özüniň 1981-nji ýylda tamamlan bilim ojagynda – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekýär. Geljekki kompozitor döredijilik ýoluna Ýolöten şäherinde sazçylyk mekdebiniň açylmagy bilen, mekdep ýyllarynda başlapdyr. – Şol döwürde Türkmenistanda Mämi Çaryýewi meşhur eden akkordeon giňden ýaýrapdy. Ýaşlar akkordeon çalmagy...

DOWAMY
pic
16 Iýun

«NUR» WE «MYLAÝYM»: GÖKDÜR BAKJA ÖNÜMLERINDEN KONSERWLER

Ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan ýerli haryt öndürijilerini goldamak, oba hojalyk önümleriniň öndürilişine itergi bermek çäreleri daşary ýurtdan getirilýän azyk harytlarynyň mukdaryny esli azaltmaga we öz önümçiligimizi artdyrmaga mümkinçilik berdi. 2021-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda Türkmenistanyň telekeçileri miwe we gök önümlerini geçen ýyldakydan 86,7% köp ýygnamagyň hötdesinden geldiler. Şitilhana hojalygy şäherdir oba ilatyny tutuş ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün edýär. Kon...

DOWAMY
pic
16 Iýun

BATUMIDE TÜRKMENISTANDAN, ÖZBEGISTANDAN WE GAZAGYSTANDAN GELÝÄN DÖKÜNLERI ÜSTÜNDEN GEÇIRÝÄN TÄZE TERMINAL AÇYLDY

Batuminiň deňiz portunda Merkezi Aziýa ýurtlary — Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda öndürilen granulirlenen karbamidleri daşamak üçin mineral dökünleri multimodal terminal açyldy. Bu barada Azerbaýjanyň Report saýty habar berýär. Saýt Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda ýylda jemi 6,6 million tonna dökün öndürilýändigini belleýär. Habarda Türkmenistanda Hazar deňziniň günorta böleginde golaýda işe girizilen dökünleri öndürýän «Garabogazkarbamid» zawodynyň ýylda 1,2 millon...

DOWAMY
pic
15 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYMYZ BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şu...

DOWAMY
pic
15 Iýun

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYK

Zenan telekeçiligini goldamak, gender deňligini üpjün etmek hem-de zähmet çekmek üçin deň şertleri döretmek «Merkezi Aziýada we Owganystanda zenanlaryň ykdysady hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň ösdürilmegi» atly halkara onlaýn forumda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu çäre şu gün Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan guraldy. Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň howandarlygynda geçýän köptaraply duşuşyga türkmen tarapynd...

DOWAMY
pic
15 Iýun

ONLAÝN HALKARA ÝARYŞY — ÝEWRAZIÝA KUBOGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 22-23-nji maýy aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Uralsk şäherinde karate-do boýunça wideo ýazgy üsti bilen onlaýn halkara ýaryşy — Ýewraziýa kubogy geçirildi. Bu online halkara ýaryşyna Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň agzalary hem gatnaşyp, guwandyryjy netijeleri gazandylar. Ol ýaryşa 20-ä golaý döwletden 500 töweregi türgen gatnaşdy. Şeýle uly ýaryşlara biziň türgenlerimiziň gatnaşmagy we ýeňiji bolmagy türkmen sportunyň abraýyny has hem beýgeldýär. Türkmenistanly t...

DOWAMY