RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DEMIRGAZYGYNDA BAGÇYLYK ÖSDÜRILÝÄR

Daşoguz welaýatyndan Türkmensitanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzasy Sarybaý Hanbaýew ir ýetişýän almanyň we beýleki miweli ekinleriň täze hasylyndan ilkinji tapgyryny bazarlara ugratdy. Onuň baglary Ruhubelent etrabyndaky 35 gektar tarp ýerde ýerleşýär. Bagyň on gektarynda ülje, şonça meýdanda erik, ýene on gektar meýdanda almadyr armyt ýetişdirilýär. Bäş gektar meýdanda ýetişdrilýän üzüm agaçlardan hem gowy hasyl alynýar. Telekeçi ekin ýetişdirmegiň döwrebap ususllaryny ulanmag...

DOWAMY
pic
13 Iýun

ANDREÝ PLATONOWYŇ DÖREDIJILIGINDE TÜRKMENISTAN

Ençeme tanymal ýazyjylaryň we şahyrlaryň ykbaly Türkmenistan bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň biri hem özboluşly rus ýazyjysy Andreý Platonow. Platonowyň biziň ýurdumyzda geçiren döredijilik iş saparynyň netijesinde ýazan edebi eserleri türkmen dramaturglaryny we režisýorlaryny öz eserlerini döretmäge höweslendirdi. 2011-nji ýyldan bäri her ýylyň iýun aýynda ýazyjynyň dogduk mekanynda – Woronežde halkara Platonow festiwaly geçirilýär we bu festiwal sebitiň esasy medeni çäreleriniň birine öw...

DOWAMY
pic
12 Iýun

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ YLMY JEMGYÝETÇILIGINE HEM-DE “YLYM, TEHNIKA WE INNOWASION

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda halkara ylmy maslahata dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleriniň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň, inžener-tehnologlarynyň gatnaşmagynyň biziň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatymyza halkara jemgyýetçilik tarapyndan uly gyzyklanmanyň barha artýandygyna hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigi bellenilýär. Häzirki zaman bilimleriniň we ylymlarynyň dünýäniň ykdysady, medeni, innowasion ösüşlerine gö...

DOWAMY
pic
12 Iýun

TÄZEÇIL TEHNOLOGIÝALAR — ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Türkmenistanda alymlaryň, ylmy guramalaryň işgärleriniň güni bolan Ylymlar güni bellenildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly iki günlük halkara ylmy maslahat boldy. Forumy Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy gurady. Maslahatyň açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Bu ýerde täzeçil tehnologiýalaryň sergisi guraldy. Masl...

DOWAMY
pic
12 Iýun

«TÜRKMEN ENJAM» HJ SEMENT ZAWODYNY GURÝAR WE TURBA ÖNDÜRÝÄR

?Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli bolan himiki täsire durnukly, uzak wagtyň dowamynda ýokary basyşa çydamly polietilen we polipropilen suw hem gasynlanan lagym turbalarynyň öndürilişini artdyrýar. Ýylyň başyndan bäri Kyýanlynyň polimer zawodyndaky ýerli öndürijilerden alynýan çig maldan eýýäm 200 tonna golaý önüm öndürildi.   Hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat bazasynda turba çykarýan üç desga: uly we kiçi diametr...

DOWAMY
pic
12 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞLARYNYŇ ARASYNDA YLMY IŞLER BOÝUNÇA GEÇIRILEN BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERINE

Mähriban ýaşlar! Hormatly talyplar! Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerini dowam etdirip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ylym-bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak biziň baş maks...

DOWAMY
pic
12 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GUTLAG HATYNY IBERDI

Mähriban uçurymlar! Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy ygtybarly goramagy üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekde...

DOWAMY