SOŇKY HABARLAR
ÖŇDEBARYJY TEHNOLOGIÝALAR - ARALA KÖMEGE GELÝÄR
Geçen ýylyň noýabarynda yglan edilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň Bütindünýä bäsleşiginiň (Global Disruptive Tech Challenge 2021) aprel aýynda netijesi jemlendi. Bu bäsleşigiň maksady Aralýaka zolagyň topragynyň zaýalanmagynyň we çölleşmeginiň öňüni almak üçin täze ideýalary saýlap almakdan ybarat. Bäsleşigi Bütindünýä banky Ýewropa Bileleşiginiň, Şweýsariýanyň we Birleşen Soltanlyklaryň maliýeleşdirýän Merkezi Aziýa boýunça Suw-energetika meýilnamasynyň (CAWEP) köpugurly gaznasynyň goldamagyn...
TÜRKMENBAŞY WE BAKU PORTLARYNYŇ ARASYNDAKY ÝÜK DAŞALŞYNYŇ MÖÇBERI ARTDY
Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasyndaky ýük daşalşynyň möçberi artdy. Bu barada Report saýty «Бакинский международный морской торговый порт» («Bakuwyň halkara deňiz söwda porty») ÝPJ-ne salgylanyp habar berýär. Habarda Garadag raýonynyň Alýat posýologynda ýerleşýän Baku portunyň şu ýylyň I çärýeginde ýük dolanşygynyň 1,4 million tonnadan artandygy, munuň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16,7 % köpdügi bellenilýär. 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda agyr ýük da...
WATANYMYZYŇ MEDENI MERKEZI
Şu ýyl 140 ýyllygyny belleýän türkmen paýtagty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň işewür we medeni durmuşynyň jemlenen merkezidir, bu ýerde myhmanlary güler ýüz bilen garşylamak hem-de baýramçlyklary giň gerimde bellemek mertebe hasaplanylýar. Aşgabatda milletiň döredijilik we ruhy kuwwaty jemlenendir. Muzeýleriň, teatrlaryň, kitaphanalaryň ajaýyp döwrebap binalary, kinokonsert hem-de sergi zallary, açyk sahna meýdançalary we beýlekiler paýtagtymyzyň hakyky bezegi we medeni durmuşynyň me...
GARA SEÝITLIÝEW: TÜRKMENISTANYŇ POEZIÝA ENSIKLOPEDIÝASY
Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gara Seýitliýew (1915-1971) meşhur şahsyýet diýlip atlandyrylmaga mynasypdyr. Onuň köptaraply döredijiligi milli edebiýatyň, kino we teatryň ösmegine uly täsirini ýetirdi. Şahyryň köp goşgularyna türkmen kompozitorlary saz dörtetdiler, şol aýdymlar awtoryň aradan çykanyna elli geçse-de, edil şu günlerem ýaňlanýar we diňlenilýär. häli-häzirem Gara Seýitliýew Bäherden etrabynda dogulýar. Onuň adyna Gara dakylmagy şol döwürleriň däp-dessury bilen bagly. Garaköl baga...
ŽENEWADA PATENT HUKUGY HAKYNDAKY ŞERTNAMA GOŞULMAGY HAKYNDAKY GURALYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde Ženewada Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň (BIEG) ştab-kwartirasynda BIEG-nyň Baş direktory jenap Daren Tanga Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Patent hukugy hakyndaky Şertnama (2000-nji ýyldaky) goşulmagy hakyndaky Guralyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Ilçi, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili A.Haljanow Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da BIEG bilen işjeň gatn...
GRUZIÝADA GOLF BOÝUNÇA HALKARA ÝARYŞY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy «Gruziýanyň höwesjeň we korporatiw sporty ösdürmek bileleşigi» bilen bilelikde her ýyl Türkmenistanda geçirilýän aýlyk köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çärelere, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we 2021-nji ýyly - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan golf boýunça halkara ýaryşyny geçirdi. Bu ýaryşa Gruziýada akkreditirlenen diplomati...
ONLINE HYZMATLARYNY BERMEK IŞI ÝOLA GOÝULDY
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, Türkmenistanyň adalat edaralarynda berilýän hukuk kömekleriniň hilini ýokarlandyrmak babatynda berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň adalat edaralary tarapyndan birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynda hab...